2-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.
Işewür özara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Balkan welaýatynda täze desgalaryň açylyş hem-de düýbüni tutmak dabaralarynyň Türkmenistanyň barha artýan ykdysady kuwwatyna şaýatlyk edýändigini belledi. Ahmet Çalyk Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda asyrlara barabar işleriň durmuşa geçirilendigini belläp, bu üstünlikleriň türkmen halkynyň Milli Lideriniň başyny başlan işleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň beýanydygyny nygtady. Şeýle-de ol ata Watany Türkmenistanda giň möçberli maksatnamalary durmuşa geçirmäge goşant goşmagyň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin uly hormatdygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan bäri Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky hoşniýetli we dost-doganlyk gatnaşyklaryň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, gadymy döwürlerden gözbaş alýan türkmen-türk gatnaşyklary häzirki döwürde barha rowaçlanyp, täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Hyzmatdaşlyk birnäçe ugurlarda, şol sanda energetika, dokma senagaty, gurluşyk we ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda üstünlikli ösdürilýär.
Hormatly Prezidentimiz energetika ulgamyndaky taslamalara ünsi çekip, häzirki wagtda Hazaryň türkmen kenarynda gurluşygy dowam edýän, utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň elektrik energiýasyny Hazar deňziniň üsti bilen goňşy döwletlere, şol sanda doganlyk Türkiýä we şol ýerden beýleki ýurtlara eksport etmek mümkinçiligini döretjekdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatynda gurluşygyna badalga berlen, kuwwatlylygy ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürmäge ukyply toplumyň ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde uly ähmiýete eýedigini aýdyp, “Çalyk Holding” kompaniýasynyň mundan beýläk-de täze, döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän tehnologiýalary we enjamlary ornaşdyrmak arkaly Türkmenistanda döwlet ähmiýetli taslamalary amala aşyrmak boýunça netijeli işleri geçirjekdigine ynam bildirdi.
Ahmet Çalyk bildirilýän ýokary ynam üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz şertnamalaýyn borçnamalaryna mundan beýläk-de örän jogapkärçilikli çemeleşjekdigini nygtady.
PDF









