27-nji sentýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygynyň bellenilýän gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmen halkynyň täze taryhynda ägirt uly özgertmeleriň nyşany bolan ajaýyp binalar toplumyna — Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.
Ir bilen Garaşsyzlyk binasynyň ýanynda Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, daşary döwletleriň hem-de halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň häkimleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, talyplar, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary ýygnandylar. Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy baýramçylyk lybasyna beslenen Garaşsyzlyk binasynyň ýanyna gelýär. Hemmeler döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlik bilen garşyladylar.
Döwlet Baştutanymyz bellenilen ýere geçýär. Harby orkestriň ýerine ýetirmeginde Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň döwlet berkararlygynyň we özygtyýarlylygynyň nyşany bolan Garaşsyzlyk binasyna gül desselerini goýdy. Hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, beýleki dabara gatnaşyjylar hem gül desselerini goýdular.
Birnäçe wagtdan Garaşsyzlyk binasynyň öňündäki meýdança hoşboý ysly ajaýyp ter gül desselerinden doldy. Munuň özi Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň, özygtyýarlylygynyň mizemezliginiň, türkmen halkynyň agzybirliginiň we jebisliginiň aýdyň nyşanydyr.
Dabaraly çäre tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giňden ýaýbaňlandyryldy.