10-njy ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe gynanç hatyny iberdi.
Döwlet Baştutany soňky günlerde bolup geçen pajygaly wakalaryň köp adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getirendigi bilen baglylykda K.Tokaýewe hem-de ähli Gazagystanyň halkyna çuňňur gynanjyny bildirdi.
Gurban bolanlaryň ähli dogan garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň, şeýle hem öz adyndan Türkmenistanyň Prezidenti gynanjyny we medet beriji sözleri, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.