23-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiziň Italiýa Respublikasyna boljak resmi saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bu saparyň maksatnamasy barada habar berdi.
Italiýa Respublikasy bilen diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 9-njy iýunynda ýola goýuldy. Şu günki güne çenli türkmen-italýan gatnaşyklarynyň hukuk binýady resminamalaryň 39-sy bilen berkidildi.
Netijeli syýasy gatnaşyklary ösdürmekde ýokary derejedäki saparlara we duşuşyklara möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň 2009-njy ýylyň noýabr aýynda, 2015-nji ýylyň maý aýynda Italiýa Respublikasyna amala aşyran resmi we iş saparlary hem-de Italiýanyň Premýer-ministriniň 2014-nji ýylyň noýabr aýynda ýurdumyza amala aşyran iş sapary möhüm wakalar bolup durýar. Şeýle hem 2019-njy ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Italiýa Respublikasyna sapary amala aşyryldy. Ýokary derejedäki duşuşyklar we gepleşikler şu ýylyň maý aýynda geçirilen “Merkezi Aziýa — Italiýa” birinji sammitiniň çäklerinde hem dowam etdi.
Iki ýurduň arasynda parlamentleriň, hökümetleriň we daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça-da netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. Halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlyk barada aýdylanda bolsa, Italiýa Respublikasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen kararnamalaryň ählisini goldady hem-de olaryň 10-syna döredijileriň biri bolup çykyş etdi. Ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alyp, Italiýanyň başyny başlan durnukly ösüş babatda halkara taslamalaryny we meýilnamalaryny goldaýar.
Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk energetika, ulag, hususy telekeçilik ulgamlarynda we beýleki ugurlarda okgunly ösdürilýär. Ynsanperwer ulgamda hem gatnaşyklar netijeli häsiýete eýedir, iki ýurduň wekilleriniň gatnaşmagynda dürli çäreler yzygiderli geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Italiýanyň baý taryhy-medeni mirasa eýedigi bellenildi. Italiýaly arheologlar 30 ýyldan gowrak wagt bäri türkmen kärdeşleri bilen ýurdumyzyň taryhy ýadygärliklerinde bilelikde gazuw-agtaryş işlerini alyp barýarlar. Medeni hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-italýan iş topary hereket edýär. Häzirki wagtda 2025-nji ýylyň oktýabr aýyndan 2026-njy ýylyň aprel aýyna çenli aralykda Rim şäherinde Türkmenistanyň arheologiýa sergisini geçirmek boýunça işler alnyp barylýar.
Bilim ugry boýunça hem ikitaraplaýyn gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Türkmen ýaşlarynyň wekilleri Italiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýarlar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 3-sinde we orta mekdepleriniň 6-synda italýan dili öwredilýär. 1998-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň we Italiýanyň ýokary okuw mekdepleri Ýewropa Bileleşiginiň TEMPUS (ERASMUS) maksatnamalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk edýärler. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň italýan diline terjime edilip, çapdan çykarylandygy bellenildi.
Hormatly Prezidentimiziň Italiýa Respublikasyna boljak resmi sapary döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmekde we pugtalandyrmakda möhüm ädime öwrüler. Häzirki wagtda bu sapara taýýarlyk görmek maksady bilen, degişli işler alnyp barylýar. Saparyň çäklerinde döwlet Baştutanlarynyň ikitaraplaýyn duşuşygy geçiriler. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň Türkmen-italýan işewürlik maslahatyna hem-de Rimiň Kapitoliý muzeýinde geçiriljek “Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýasy” atly serginiň açylyş dabarasyna gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Saparyň netijeleri boýunça hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna degişli ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekmek meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Italiýa Respublikasy bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini, iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň barha pugtalanýandygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine Italiýa Respublikasyna boljak resmi sapara gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.