Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kuba Respublikasynyň Prezidenti Migel Mario Dias-Kanel Bermudese ýurduň milli baýramy — Azat ediş güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Migel Mario Dias-Kanel Bermudese tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Kuba Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.
PDF









