Şu gün, 20-nji dekabrda Tokioda «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammiti geçirildi. Agzalan dialog meýdançasynyň döredilen wagtyndan bäri geçen 21 ýylyň dowamynda iň ýokary derejede ilkinji gezek guralan sammite gatnaşmak üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen birlikde, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem dostlukly ýurtda saparda bolýarlar.
«Hotel New Otani Tokyo» myhmanhanasynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary resmi taýdan garşylanandan soňra, Ýaponiýanyň Premýer-ministri hanym Sanae Takaiçiniň başlyklygynda ýokary derejeli altytaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Sammitiň dowamynda oňa gatnaşýan Liderler gezekli-gezegine çykyş etdiler.
Hormatly Prezidentimiz çykyşynyň başynda biziň ýurtlarymyzyň uzak möhletleýin, durnukly we köptaraply hyzmatdaşlygy ýola goýmaga umumy ymtylmalaryny görkezip, ilkinji gezek ýokary derejede bir ýere jemlenendiklerini belledi. Döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň özara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de giňeldilmegi, onuň täze ugurlardyr amaly mazmun bilen üstüniň ýetirilmegi ugrunda çykyş edýändigini aýdyp, şunda ykdysady hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady.
Çykyşda «ITOCHU», «Mitsubishi», «Kawasaki», «Sumitomo», «Toyo», «Sojitz», «Komatsu», «Toyota» ýaly öňdebaryjy ýapon kompaniýalary bilen köp ýyllardan bäri netijeli hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyna üns çekilip, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ýaponiýa bilen gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly serişdelere eýedigi, dialoga gatnaşyjylaryň ählisiniň güýçli tarapynyň herekete getirilmeginiň şu babatda umumy wezipe bolup durýandygy bellenildi. Hormatly Prezidentimiz «ýaşyl» geçişi, wodorod energiýasyny, howa gün tertibini, üstaşyr ulag arabaglanyşygyny köptaraplaýyn hyzmatdaşlykda ileri tutulýan ugurlar hökmünde görkezdi. Türkmenistan adam mümkinçiliklerini, bilim ugurly özara hereketleri ösdürmäge, ýaşlara ýapon dilini öwretmek meselesine hem aýratyn ähmiýet berýär.
«Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» sammitiniň dowamynda oňa gatnaşyjylar altytaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak bilen bagly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşyp, syýasy dialogy, sebitara hyzmatdaşlygy, işewürligi ilerletmek, intellektual we ynsanperwer alyşmalar ýaly ugurlarda anyk teklipdir garaýyşlary beýan etdiler.
PDF









