11-nji sent­ýabr­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Sankt-Pe­ter­burg şä­he­ri­niň gu­ber­na­to­ry Alek­sandr Beg­lo­wy ka­bul et­di.
Myh­man wagt ta­pyp ka­bul edi­len­di­gi hem-de ýüz­be-ýüz du­şu­şyk­da hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga dö­re­di­len müm­kin­çi­lik üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­ti­niň hem-de dost­luk­ly ýur­duň Hö­kü­me­ti­niň Baş­ly­gy Mi­ha­il Mi­şus­ti­niň mä­hir­li sa­la­my­ny, äh­li türk­men hal­ky­na iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny ýe­tir­di. Şun­da Ne­wa bo­ýun­da­ky şä­he­riň bi­ziň ýur­du­myz bi­len türk­men-rus hyz­mat­daş­ly­gy­nyň çäk­le­rin­de üs­tün­lik­li ös­dü­ril­ýän köp­ýyl­lyk gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de gi­ňelt­mä­ge gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi tas­syk­la­nyl­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­la­ry­na mä­hir­li sa­la­my­ny we hoş­ni­ýet­li ar­zuw­la­ry­ny be­ýan edip, Türk­me­nis­tan­da däp bo­lan dost­luk­ly döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň ok­gun­ly ös­dü­ril­me­gi­ne uly äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy hem-de soň­ky ýyl­lar­da öza­ra bäh­bit­li iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­kan­dy­gy­ny ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di.
Söh­bet­deş­li­giň bar­şyn­da Türk­me­nis­ta­nyň we Ne­wa bo­ýun­da­ky şä­he­riň ara­syn­da ýa­kyn we dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ryň ýo­la goý­lan­dy­gy bel­le­nil­di. Sankt-Pe­ter­bur­gyň iri kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len hyz­mat­daş­lyk ok­gun­ly ös­dü­ril­ýär. Oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni gaý­ta­dan iş­le­mek, azyk se­na­ga­ty ul­ga­myn­da hem ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk üçin uly müm­kin­çi­lik­ler bar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, bi­ziň ýur­du­myz sankt-pe­ter­burg­ly hyz­mat­daş­la­ryň tä­ze ugur­lar, şol san­da san­ly­laş­dyr­mak, “akyl­ly” şä­her­le­ri gur­mak, şeý­le hem beý­le­ki mö­hüm ul­gam­lar bo­ýun­ça tek­lip­le­ri­ne ga­ra­ma­ga taý­ýar­dyr. Şol bir wagt­da, ylym-bi­lim hyz­mat­daş­ly­gy­na uly üns be­ril­ýär.
Sankt-Pe­ter­bur­gyň gu­ber­na­to­ry hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm ugur­la­ry bo­ýun­ça düýp­li we anyk söh­bet­deş­lik üçin döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za ho­şal­lyk bil­di­rip, şeý­le-de türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Ne­wa bo­ýun­da­ky şä­her bi­len köp­ýyl­lyk hyz­mat­daş­ly­gyň gi­ňel­dil­me­gi­ne go­şan uly go­şan­dy­ny aý­ra­tyn nyg­ta­dy.
Alek­sandr Beg­low Aş­ga­ba­da şu ge­zek­ki sa­pa­ry­nyň özün­de gal­dy­ran tä­sir­le­ri ba­ra­da aýt­mak bi­len, aja­ýyp, hä­zir­ki za­man we ok­gun­ly ös­ýän şä­her bo­lan ak mer­mer­li türk­men paý­tag­ty­nyň he­mi­şe haý­ran gal­dyr­ýan­dy­gy­ny, onuň tä­sin bi­na­gär­lik keş­bi­ni syn­lap, lez­zet al­ýan­dy­gy­ny, şä­her­de ýy­lyň-ýy­ly­na tä­ze aja­ýyp des­ga­la­ryň peý­da bol­ýan­dy­gy­ny hem-de onuň gök beg­re­se bü­ren­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Şo­nuň bi­len bir­lik­de, myh­man ýur­du­my­zyň äh­li ul­gam­lar­da, yk­dy­sa­dy­ýet­de we önüm­çi­lik pu­da­gyn­da, dur­muş we bi­lim ul­gam­la­ryn­da ýe­ten be­lent sep­git­le­ri­niň özün­de uly tä­sir gal­dy­ran­dy­gy­ny aý­ra­tyn nyg­tap, ýa­kyn­da açy­lan tä­ze mek­dep­le­riň, ýo­ka­ry, or­ta hü­när okuw mek­dep­le­ri­niň bi­na­lar top­lum­la­ry­nyň mu­ňa aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýän­di­gi­ni bel­le­di.
Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow we Sankt-Pe­ter­bur­gyň gu­ber­na­to­ry Alek­sandr Beg­low Türk­me­nis­ta­nyň we Ne­wa bo­ýun­da­ky şä­he­riň däp bo­lan hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ra yg­rar­ly­dyk­la­ry­ny tas­syk­lap, onuň türk­men-rus döw­le­ta­ra dia­lo­gy­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­na la­ýyk gel­ýän­di­gi­ni hem-de ma­ny-maz­mun taý­dan baý­laş­dy­ryl­ma­gy­na ýar­dam ed­ýän­di­gi­ni bel­le­di­ler.