11-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyna iş saparyny amala aşyryp, welaýatyň çäklerinde galla oragynyň depgini bilen tanyşdy hem-de etrabyň Magtymguly daýhan birleşiginde bugdaý oragyna ak pata berdi.
Ir bilen döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly daýhan birleşiginiň ak ekin meýdanlaryna geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylary, Magtymguly daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçisi mähirli garşyladylar.
Kärendeçi daýhan ekerançylaryň netijeli zähmet çekmegi ugrunda amatly şertleriň döredilýändigini, döwletimiziň bugdaýdan we beýleki oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak ugrunda yzygiderli tagalla edilýändigini nygtap, hormatly Prezidentimizden öz yhlasly zähmeti bilen ýetişdiren bugdaý hasylyny ormaga ak pata bermegini haýyş etdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz kärendeçiniň haýyşy boýunça birkemsiz hasyl toplan bugdaýy orup, galla oragyna badalga berdi.
Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän we häzirki zamanyň telematik enjamlary bilen üpjün edilen kuwwatly tehnikalar hem bereketli hasylyň oragyna girişdiler. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Magtymguly daýhan birleşiginiň bugdaý meýdanynda galla oragynyň alnyp barlyşyny synlady.
Döwlet Baştutanymyz galla kombaýnlarynyň işini synlaýan pursatlarynda ýetişdirilen hasylyň kesgitlenen möhletlerde ýygnalyp alynmagy babatda wise-premýer T.Atahallyýewe birnäçe tabşyryklary berdi. Oba hojalyk önümlerini öndürijiler üçin dünýä meşhur kompaniýalaryň ýokary öndürijilikli tehnikalarynyň we gurallarynyň satyn alynýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz oba hojalyk tehnikalarynyň örän netijeli ulanylmalydygyna ünsi çekdi.
Wise-premýer oba hojalyk toplumynyň ähli düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi, häzirki zaman tehnikalarynyň yzygiderli satyn alynmagy babatda döwlet derejesinde alada edilýändigi üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk bildirip, öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli ta-gallalaryň ediljekdigine ynandyrdy.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ak ekin meýdanlarynda alnyp barylýan işler, bugdaý oragynyň depginleri we hasyllylygyň derejesi bilen gyzyklandy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary tutuş ýurdumyz boýunça galla oragynyň batly depginlerde dowam edýändigini aýdyp, geçen hepde hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda, şu gün bolsa Balkan hem Daşoguz welaýatlarynda galla oragyna girişilendigi, oragy guramaçylykly geçirmek ugrunda ýokary derejeli taýýarlyk işleriniň alnyp barlandygy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk toplumynyň ösdürilmegine berýän goldawy netijesinde galla oragy möwsüminde «John Deere», СLAAS ýaly meşhur kompaniýalaryň häzirki zaman galla orujy kombaýnlary netijeli ulanylýar. Gallaçylar üçin satyn alnan ýokary öndürijilikli täze tehnikalar gije-gündizleýin tertipde işledilip, ýetişdirilen bol hasyly çalt we ýitgisiz ýygnamaga ýardam berýär.
Hormatly Prezidentimiz oba hojalygyna degişli önümçilik kärhanalarynyň, şol sanda elewatorlaryň, gaýtadan işleýän düzümleriň, suw hojalyk toplumlarynyň netijeli işiniň ýola goýulmalydygyna ünsi çekdi. Şol bir wagtyň özünde galla oragynyň ýokary hilli, öz wagtynda tamamlanmagynyň wajypdygyny belläp, döwlet Baştutanymyz tabşyrylan hasyl üçin daýhanlar bilen hasaplaşygy öz wagtynda geçirmek babatda anyk görkezmeleri berdi.
Şu möwsümde Diýarymyzyň ak ekin meýdanlaryna bugdaýyň bol hasyl berýän «Arkadag», «Serdar», «Pyragy» ýaly täze görnüşleri ekildi. Bellenilişi ýaly, bugdaýyň täze görnüşleri ýokary hasyllylygy, däneleriniň iriligi we köp suw talap etmeýändigi bilen tapawutlanýar. Bu bolsa täze görnüşleriň bähbitlilik derejesiniň ýokarydygyny görkezýär.
Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýerde guralan gök-bakja we miwe önümleriniň, däneli ekinleriň görnüşleriniň, çörek we çörek önümleriniň sergisi bilen tanyşdy. Sergidäki çörek önümleriniň bugdaýyň şu ýylky ilkinji hasylyn-dan taýýarlanylandygy habar berildi.
Döwlet Baştutanymyz sergide görkezilýän önümler bilen tanyşlygyň dowamynda türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýän önümleriň, şol sanda galla önümleriniň ýokary hili, ýokumlylygy, ekologik taýdan arassalygy bilen tapawutlanýandygyny nygtap, pudaga häzirki zamanyň täzeçil usullarynyň, sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmalydygyny aýtdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýerde pudaga täze gelip gowşan häzirki zaman tehnikalaryny synlady.
Oba hojalyk toplumyna gelip gowşan galla kombaýnlarynyň enjamlaşdyrylyş derejesi, olaryň öndürijilik kuwwaty ýokary halkara ülňülere doly laýyk gelýär. Bu kombaýnlar ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän derejede bolup, olaryň öndürijiligi ýokary görkezijilere eýedir. Sanly ulgam arkaly dolandyrylýan tehnikalarda mehanizatorlaryň öndürijilikli işiniň üpjün edilmeginde möhüm ähmiýeti bolan ähli zerur şertler göz öňünde tutulypdyr.
Döwlet Baştutanymyz gallaçy kärendeçi I.Akmyradowyň alyp barýan işi, maşgala ýagdaýy bilen gyzyklanyp, onuň kärende ýerinde ýetişdirilen hasylyň derejesine üns berdi.
Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly daýhan birleşiginiň kärendeçisi I.Akmyradow Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ýere gelip, alnyp barylýan işler bilen gyzyklanmagynyň özi üçin belent mertebedigini nygtady hem-de hormatly Prezidentimiziň Şa gadamynyň mübärek bolmagyny arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyz kärendeçiniň alan ýeriniň ululygy, hasyllylygyň derejesi we kärendeçiligi netijeli alyp barmak ugrunda döredilýän şertler bilen gyzyklanyp, döwletimiziň daýhanlaryň yhlasly zähmetiniň ýerine düşmegi, oba hojalykçylaryň iş we durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy ugrunda yzygiderli alada etjekdigini belledi.
Kärendeçi hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň döredýän mümkinçilikleriniň netijesinde tutanýerli zähmet çekmek üçin ähli şertleriň üpjün edilýändigini nygtady. Ol 2010-njy ýyldan bäri maşgala agzalary bilen kärendä alan ýerinde bugdaý we gowaça ösdürip ýetişdirýändigini aýtdy.
Şeýle hem ol özüniň 62 gektar kärende ýeriniň bardygyny, 2025-nji ýylyň hasyly üçin 42 gektara bugdaý, 20 gektara bolsa gowaça ekendigini, bugdaý meýdanynyň her gektaryndan 40 sentnere golaý hasyla garaşýandygyny habar berdi. Kärendeçi öz iş ýerine hormatly Prezidentimiziň gadamynyň düşmeginiň tutuş maşgalasy üçin uly hormatdygyny nygtap, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Döwlet tarapyndan yzygiderli goldaw berilmegi netijesinde toprakdan bol hasyl alynýar we gowy girdeji gazanylýar.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda oba hojalygy ösdürmäge uly üns berilýändigini, oba ýerlerinde adamlaryň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak üçin ähli zerur işleriň geçirilýändigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz halal zähmet çekip, ýerden bol hasyl alýan daýhanlara döwletimiziň hemişe goldaw berjekdigini aýdyp, kärendeçileriň asylly iş edýändiklerini, şeýle zähmetsöýer daýhanlaryň tagallasy bilen Diýarymyzda azyk bolçulygynyň berkidilýändigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz bu ýerde yhlasly zähmeti bilen sahawatly toprakdan bol hasyl öndürýän kärendeçä öz sowgatlaryny gowşurdy.
Öz nobatynda, kärendeçi Şa serpaýy hem-de daýhanlaryň netijeli zähmet çekmegi ugrunda döredilýän ähli şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwlet ähmiýetli, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
* * *
Şol gün ýurdumyzyň Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň bugdaý meýdanlarynda orak möwsümine badalga berildi. 2025-nji ýylda ýurdumyzyň gallaçy daýhanlary 690 müň gektar ýerden azyklyk bugdaýyň 1 million 400 müň tonnasyny ýygnap almagy meýilleşdirýärlar. Demirgazyk sebitiň ekerançylary 145 müň gektar bugdaý ekilen meýdandan 265 müň tonna, Günbatar sebitiň gallaçylary bolsa, 50 müň gektar ýerden 80 müň tonna bugdaý hasylyny alarlar.