Hormatly türkmen-italýan işewürlik forumyna gatnaşyjylar!

Hanymlar we jenaplar!

Ilki bilen, bu möhüm forumda çykyş etmäge çakylyk üçin minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň.

Men italýan kompaniýalarynyň, işewür toparlarynyň ýolbaşçylaryny, ähli foruma gatnaşyjylary mähirli mübärekleýärin. Gatnaşyjylaryň şeýle wekilçilikli düzümine Türkmenistana artýan gyzyklanmanyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ymtylmanyň subutnamasy hökmünde kabul edýärin.

Göni işewürlik dialogy arkaly türkmen-italýan gatnaşyklaryň tutuş toplumyna kuwwatly itergi bermegi, dünýäniň geoykdysadyýetinde häzirki zaman meýilleri, bilelikdäki mümkinçiliklerimizi göz öňünde tutýan hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejesine çykmak anyk şertleri döretmegi şu günki duşuşygyň esasy maksady hökmünde görýäris.

Biz munuň üçin şu gün ähli mümkinçilikleriň bardygyna berk ynanýarys. Biz dostluk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan köpýyllyk döwletara gatnaşyklaryny, italýan kompaniýalary bilen bilelikdäki işiň, Italiýanyň söwda we senagat birleşikleri bilen dialogyň baý tejribesini topladyk. Bu gün ähli toplan tejribämizi hem-de artykmaçlyklarymyzy anyk, giň möçberli bilelikdäki başlangyçlara öwürmek üçin tagallalarymyzy birleşdirmegimiz zerurdyr.

Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler, ilkinji nobatda ykdysadyýetde durmuşa geçirilýän özgertmeler ýurdumyza ýokary ösüş depginini üpjün etdi. Bu ýagdaý, şeýle hem baý tebigy serişdeler, ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi, yzygiderli durmuşa geçirilýän «açyk gapylar» daşary ykdysady syýasatymyz bähbitli maýa goýumlar üçin giň mümkinçilikleri açýar. Ýurdumyza daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge möhüm ähmiýet bermek bilen milli ykdysadyýetimizi uzak möhletleýin esasda ösdürmäge täze itergi bermek bu syýasatyň esasy maksatlarynyň biridir.

Bu gün Türkmenistan ösüş üçin ileri tutulýan ugurlary kesgitläp, strategik maksatlaryny gazanmak boýunça anyk çäreleri durmuşa geçirýär.

Birinjisi: senagat jemgyýetiniň döredilmegi. Biz ykdysadyýetiň çig mala esaslanýan nusgasyndan senagat nusgasyna geçmek, ýokary tehnologiýaly we ylmy talap edýän önümçilikleri ornaşdyrmak, ýokary goşulan bahaly önümleri öndürmek boýunça döwrebap kärhanalary gurmak, daşky gurşawa zyýan ýetirmeýän ýapyk aýlawly «ýaşyl» ykdysadyýeti döretmek arkaly milli ykdysadyýetimizi düýpli özgertmäge girişdik.

Ikinjisi: ykdysadyýeti düzümleýin, şeýle hem geografik taýdan diwersifikasiýalaşdyrmak. Gürrüň, täze pudaklary döretmek ýa-da bar bolanlary düýpli döwrebaplaşdyrmak barada barýar. Himiýa, dokma senagaty, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek, gurluşyk serişdelerini öndürmek ýaly ulgamlarda we birnäçe beýleki ugurlarda oňat netijeler gazanyldy.

Türkmenistan täze daşarky bazarlara çykýar, Ýewropadaky we Aziýadaky hyzmatdaşlar bilen kooperasiýany ösdürýär. Munuň özi döwrebap ulag-logistika infrastrukturasyny döretmegi, ýurdumyzy Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ulag gatnawlarynyň merkezleriniň birine öwürmegi göz öňünde tutýar. Bu biziň yzygiderli durmuşa geçirýän üçünji strategik maksadymyzdyr.

Dördünjisi. Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan tebigy gazy gaýtadan işlemek, eksport ugurly ýokary hilli önümleri öndürmek boýunça doly derejeli milli pudagy döretmäge girişdi.

Energiýa serişdeleriniň eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmak, şol sanda günbatar ugry boýunça iri turbageçirijileri gurmak Türkmenistan üçin ileri tutulýan ugur bolup durýar.

Milli ykdysadyýetimizi düýpli özgertmek hem-de halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça ýokarda beýan edilen meýilnamalary durmuşa geçirmek bilen, biz bu prosesde italýan işewürliginiň hem mynasyp orun almagyny isleýäris we munuň üçin ähli zerur şertleri döretmäge taýýardyrys.

Häzirki wagtda Türkmenistanda Italiýanyň işewür toparlaryna özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleriň bardygyna berk ynanýarys. Biziň ýurtlarymyz ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň baý tejribesini toplady.

Köp ýyllardan bäri italýan işewürleri Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda, myhmanhana ulgamynda iş alyp barýarlar, gurluşyk we söwda ulgamlarynda birnäçe taslamalar amala aşyrylýar.

Türkmenistanda 2008-nji ýyldan bäri iş alyp barýan «Eni» öňdebaryjy italýan nebit kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.

Italýan kompaniýalary Türkmenistanyň nebitgaz pudagy üçin enjamlary we materiallary getirýärler. 2024-nji ýylda «ProBusiness», «Chimec» we «Comair» kompaniýalary bilen şertnamalar baglaşyldy.

Biz olaryň işine, işgärleriniň hünär derejesine hem-de tejribesine ýokary baha berýäris.

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň hem-de Italiýanyň mümkinçilikleri has giňdir. Biziň bilelikdäki tagallalarymyz beýleki ugurlary, şol sanda strategik ulgamlary gurşap almalydyr we şunda uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk ileri tutulýan ugur bolmalydyr.

Bular barada aýtmak bilen, ilkinji nobatda energetika we ulag pudaklaryny göz öňünde tutýaryn.

Durnukly energetika ulgamynda halkara başlangyçlarymyzyň Italiýa tarapyndan goldanylmagy bu ählumumy meselede iki ýurduň çemeleşmeleriniň ýakyndygyna şaýatlyk edýär. Energetika howpsuzlygyna biz ilkinji nobatda, energetika akymlarynyň düzümleýin we geografik taýdan diwersifikasiýalaşdyrylmagy diýip düşünýäris.

Türkmenistan energiýa serişdelerini günbatar ugry boýunça ugratmagyň mümkinçiliklerini öwrenýär. Bu mesele boýunça italýan hyzmatdaşlar bilen içgin dialoga taýýardyrys.

Şunuň bilen birlikde, energiýa serişdeleriniň diňe çig malynyň eksporty bilen çäklenmezligi teklip edýäris. Italýan kompaniýalaryny Türkmenistandan ýewropa ýurtlaryna elektrik energiýasyny ibermek boýunça taslamalary maliýeleşdirmäge we olara gatnaşmaga çagyrýarys.

Munuň üçin anyk şertler döredilýär. Hususan-da, Hazaryň türkmen kenarýakasynda kuwwaty 1574 megawatt elektrik stansiýasy gurulýar.

Şeýle hem biz italýan hyzmatdaşlar bilen Gün we ýel energiýasyny ulanmak boýunça işlemäge taýýardyrys.

Şunuň bilen baglylykda, Ýewropa Bileleşiginiň hormatly hem-de abraýly agzasy hökmünde Italiýanyň Ýewropa bilen inklýuziw energiýa dialoga goldaw berjekdigine umyt edýäris. Biz energetika syýasatymyzyň ýewropa ugruny işjeňleşdirmek üçin özara düşünişmäge esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzy ulanmak isleýäris. Bu ugurda Türkmenistanyň hem-de Italiýanyň düýpli, uzak möhletleýin maksatlarynyň gabat gelýändigine berk ynanýaryn.

Ulag ulgamynda hem hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikler açylýar. Şunda Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda hazar-ortaýer deňzi geçelgesini döretmäge aýratyn orun berýäris. Geografiýa taýdan ýerleşmegi bilen baglylykda, Türkmenistan hem-de Italiýa bu geçelgäni döretmekde esasy orun eýelärler.

Bu logistika ugrunda Hazaryň gündogar kenarýakasy möhüm ähmiýete eýe bolýar. Häzirki wagtda Hazar deňzinde Türkmenistanyň kuwwatly port infrastrukturasy bar we ýurdumyz bu kuwwatlyklaryny günbatar ugry boýunça hazarüsti tranzit ýük daşamalary üçin ulanmak babatda hyzmatdaşlyga taýýardyr. Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň logistika mümkinçilikleriniň ulanylmagynyň Merkezi Aziýa we Hazar deňzi sebitlerinde öz orunlaryny pugtalandyrmak isleýän italýan işewür toparlary üçin özüne çekiji bolup biljekdigine ynanýaryn. Şunuň bilen baglylykda, italýan kompaniýalaryna bu iri taslama gatnaşmak mümkinçiligine seretmegi teklip edýäris.

Ulag pudagynda Türkmenistanyň demir ýol ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça italýan kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk üçin oňat mümkinçilikler bar.

Dokma senagaty hyzmatdaşlygymyza kuwwatly itergi berjek ulgamlaryň biridir. Şu günki işewürlik forumynyň dowamynda bu ulgamda birnäçe resminamalara gol çekmek göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda «Marzoli», «Savio», «Cormatex» we beýleki italýan kompaniýalarynyň enjamlarynyň müňe golaýy ýurdumyzyň dokma kärhanalarynda üstünlikli ulanylýar. Ýokary hilli türkmen dokma önümleriniň eksportyny giňeltmäge, egin-eşikleri öndürmek boýunça bilelikdäki kärhanalary döretmäge, täze bazarlara çykmaga we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirýäris.

Umuman, Türkmenistan öz önümleriniň Italiýa iberilmegini diwersifikasiýalaşdyrmaga, taýýar önümlere aýratyn üns bermek arkaly olaryň görnüşlerini ep-esli giňeltmäge taýýardyr. Elbetde, biziň söwda gatnaşyklarymyz anyk talaplara hem-de isleglere, özara mümkinçiliklerimize, uzak möhletli işewürlik çaklamalaryna esaslanmalydyr. Jogapkärli we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde birek-birege ynanyşmagyň ýola goýulmagy hem möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň işewür toparlarynyň wekillerinden düzülen Türkmen-italýan işewürlik geňeşini döretmek mümkinçiligine seretmegi teklip edýärin. Bu düzüm dürli ugurlarda özara gatnaşyklary utgaşdyrmak, Türkmenistanyň hem-de Italiýanyň telekeçileriniň arasynda işewür gatnaşyklary guramak, tagallalary birleşdirmek üçin täze ugurlary açmak boýunça möhüm wezipeleri ýerine ýetirip biler diýip, hasaplaýaryn.

Şunuň bilen birlikde, işewürlik alyşmalarynyň işjeňleşdirilmegini, Türkmenistanyň hem-de Italiýanyň işewür toparlarynyň we kompaniýalarynyň ýurtlarymyzyň çäginde geçirilýän sergilere, ýarmarkalara gatnaşmagyny, dürli taslamalara gatnaşmak mümkinçiligini öwrenmek üçin telekeçileriň özara saparlarynyň guralmagyny möhüm hasaplaýarys.

Häzirki wagtda Türkmenistanda bank-maliýe pudagyny hem-de karzlaşdyryş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar. Bu ulgamda Italiýanyň maliýe edaralarynyň, ätiýaçlandyryş kompaniýalarynyň, biržalarynyň tejribesine gyzyklanma bildirýäris. Şunuň bilen baglylykda, Italiýanyň «SACHE» döwlet-karzlaşdyryş agentligi bilen Türkmenistanyň banklarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin goldaw bermäge taýýardyrys.

Bank ulgamyndan başga-da häzirki wagtda Türkmenistan aragatnaşyk, kommunikasiýalar, informatika, kosmonawtika ýaly ýokary tehnologiýaly ulgamlary işjeň ösdürýär. Şunuň bilen birlikde, işiň ähli görnüşlerini, önümçilik we durmuş ulgamlaryny sanlylaşdyrmak, «akylly» şäherleri döretmek boýunça işler alnyp barylýar. Bu ugurlarda hem özara bähbitli hem-de netijeli hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleriň bardygyna ynanýaryn.

Hormatly foruma gatnaşyjylar! 

Türkmenistan Italiýa özüniň ileri tutulýan hyzmatdaşlarynyň biri hökmünde garaýar we onuň bilen uzak möhletleýin gatnaşyklary ýola goýmagy maksat edinýär. Biz häzirki wagtda hyzmatdaşlyk üçin anyk mümkinçilikleriň açylýandygyny görýäris we ähli ugurlar boýunça giňişleýin dialoga taýýardyrys. Şeýle çemeleşme ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de geljegine, şeýle hem dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň häzirki zaman meýillerine garaýyşlarda özara düşünişýändigimiz bilen şertlendirilendir.

Men şu günki duşuşyga Italiýanyň işewür toparlary bilen ýurdumyzyň arasynda uzak möhletli söwda-ykdysady we maýa goýum gatnaşyklaryny ýola goýmagyň hem-de pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim hökmünde garaýaryn. Hormatly dostlar, sizi giňişleýin hem-de doly derejeli hyzmatdaşlyga çagyrýaryn.

Türkmenistan – Italiýa işewürlik forumyna gatnaşyjylara netijeli iş alyp barmagy arzuw edýärin.