Şu gün Ulan-Batorda hormatly Prezidentimiziň Mongoliýa amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde iki dostlukly ýurduň döwlet Baştutanlary Serdar Berdimuhamedowyň we Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda gepleşikler geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Uhnaagiýn Hurelsuha Mongoliýa döwlet sapary bilen gelip görmäge çakylygy hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden minnetdarlygyny beýan etdi. Döwlet Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, mongol kärdeşine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi hem-de Gahryman Arkadagymyzyň Mongoliýanyň Prezidentiniň geçen ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistana amala aşyran döwlet saparyny we onuň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan Halkara forumyna işjeň gatnaşandygyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mongoliýa bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi we giňeltmegi ugur edinýändigini tassyklady.
Döwlet Baştutanymyz bu saparyň ikitaraplaýyn gatnaşyklara täze itergi bermäge gönükdirilendigini aýdyp, bilelikdäki tagallalaryň netijesinde bu ugurdaky maksatlara ýetiljekdigine ynam bildirdi.

***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Mongoliýanyň Beýik döwlet huralynyň Başlygy bilen duşuşygy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet saparynyň çäklerinde Mongoliýanyň Beýik döwlet huralynyň Başlygy Daşzegwiýn Amarbaýasgalan bilen hem duşuşdy.
Mongoliýanyň parlamentiniň ýolbaşçysy belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, giň sebit we halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilen döredijilikli parahatçylyk söýüji syýasaty durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiz bilen duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Ulan-Batorda geçirilen hem-de döwletara dialogynda täze möhüm tapgyry açan ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikleriň ähmiýeti nygtaldy.
Döwlet Baştutanymyz mähirli kabul edilendigi üçin Mongoliýanyň Beýik döwlet huralynyň Başlygy Daşzegwiýn Amarbaýasgalana minnetdarlyk bildirip, şu gezekki duşuşygyň biziň döwletlerimiziň arasynda, şol sanda kanun çykaryjy edaralaryň çäklerinde özara düşünişmegi ösdürmäge hem-de hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ýola goýmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Çeşme: TDH