Hormatly Hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň agzalary!
Ýapon işewürler jemgyýetçiliginiň wekilleri!
Hanymlar we jenaplar!
Sizi — biziň wagtyň synagyndan geçen ygtybarly hyzmatdaşlarymyz bolan öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny we wekillerini tüýs ýürekden mübärekleýärin. Bu kompaniýalar bilen Türkmenistany köpýyllyk netijeli hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýar. Pursatdan peýdalanyp, bu duşuşygy geçirmek baradaky başlangyjyňyz, türkmen-ýapon ykdysady hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljekde ony ösdürmegiň ýollaryny giňişleýin ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin size minnetdarlygymy beýan edýärin.
Türkmenistan ýapon kompaniýalary bilen ýola goýlan hem-de netijeliligini görkezen gatnaşyklary yzygiderli giňeltmegini dowam etdirýär. Şol bir wagtda biz täze, has giň gerimli we uzak geljegi nazarlaýan maksatlara ýetmegi ugur edinýäris. Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk uzak möhletleýin, durnukly, köpugurly häsiýete eýedir. Ol hemişe özara hormat goýmak, ynanyşmak hem-de bähbitlilik ýörelgeleri esasynda alnyp baryldy we dowam etdirilýär.
Türkmenistan üçin Ýaponiýa ýokary tehnologiýaly ösüşiň, ykdysadyýete innowasion esasda çemeleşmegiň, senagat ösüşi bilen ekologik jogapkärçiligiň sazlaşykly utgaşdyrylmagynyň nusgasy bolup durýar. Ýapon kompaniýalarynyň ylym, senagat, önümçilik işlerini dolandyrmak, korporatiw menejment ulgamynda ýeten sepgitleri biziň üçin milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmakda hem-de onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda möhüm nusga bolup hyzmat edýär.
Türkmenistan ykdysadyýetiniň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagynyň zerurdygyna düşünmek bilen, öz tagallalaryny birnäçe ileri tutulýan wezipelere gönükdirdi. Şolaryň hatarynda ösüşiň innowasion strategiýalaryny ornaşdyrmak, senagatlaşdyrmagy çaltlaşdyrmak, “ýaşyl” geçiş, energetika pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmak, milli we halkara ulag-logistika arabaglanyşygy ösdürmek ýaly wezipeler bar. Biz bu ugurlaryň her biri boýunça ýapon kompaniýalarynyň işjeň gatnaşmagy üçin hakyky we özara bähbitli mümkinçilikleri görýäris.
Iri ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda alyp barýan işlerine ýokary baha berýäris we olara minnetdarlyk bildirýäris. “ITOCHU”, “Kawasaki”, “Mitsubishi”, “Sojitz”, “Toyo”, “Mitsui”, “Sumitomo”, “Komatsu”, “Toyota” we beýleki birnäçe kompaniýalar türkmen ykdysadyýetiniň ösüşine uly goşant goşdular we goşant goşmagyny dowam etdirýärler. Olaryň energetika, mineral serişdeleri gazyp almak pudagynda, himiýa senagaty, ulag, obasenagat toplumynda iri taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmagy netijeli we jogapkärçilikli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr.
Soňky ýyllarda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda häzirki zaman iri senagat desgalary ulanmaga berildi. Şolaryň hatarynda Marydaky we Garabogazdaky ammiak hem-de karbamid önümçiligi boýunça gazhimiýa toplumlaryny, Gyýanlydaky polimer zawodyny, Owadandepedäki tebigy gazdan benzin öndürýän zawody, Çärjew etrabyndaky gazturbinaly elektrik stansiýasyny görkezmek bolar. Bu taslamalar diňe bir ykdysady däl, eýsem, strategik ähmiýete hem eýe bolup, ýurdumyzyň senagat kuwwatyny tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmaga hem-de diwersifikasiýalaşdyrmaga ýardam edýär.
Bilelikdäki işlerimiziň netijeleri häzirki wagtda geljege has ynamly garamaga mümkinçilik berýär. Türkmenistan ýapon işewürler jemgyýetçiligine uzak möhletleýin maýa goýumlary, özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin amatly şertleri teklip etmäge taýýardyr. Energetika, şol sanda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini, ulag we logistika ulgamlaryny, ýokary tehnologiýaly we ekologiýa ugurly önümçilikleri, suw serişdelerini dolandyrmak, infrastruktura desgalaryny döwrebaplaşdyrmak, hünärmenleri taýýarlamak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak ýaly ulgamlary ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda belleýäris.
Biz türkmen bazarynda ýapon tehnologiýalaryny we önümlerini, ilkinji nobatda, maşyngurluşyk, elektronika, himiýa senagaty önümlerini işjeň ilerletmäge taýýardyrys. Şol bir wagtda Türkmenistan suw serişdelerini tygşytlamak, suwy arassalamak, önümçilik galyndylaryny dolandyrmak, “ýaşyl” we wodorod energetikasy ulgamlarynda öňdebaryjy ýapon tehnologiýalaryny hem-de tejribesini çekmäge gyzyklanma bildirýär.
Mälim bolşy ýaly, aprel aýynda geçiren duşuşygymyzyň dowamynda biz sirkulýar ykdysadyýete geçmegiň möhümdigi baradaky meseläni ara alyp maslahatlaşypdyk. Häzirki wagtda Türkmenistanda bu ugra aýratyn üns berilýär. Biz senagat infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, galyndylaryň gaýtadan işlenilmegini ösdürmek hem-de serişdeleri rejeli peýdalanmak kadalaryny ornaşdyrmak ugrunda iş alyp barýarys. Biziň “Mitsubishi”, “Toyota”, “Mitsui”, “Sumitomo” ýaly ýapon kompaniýalarynyň bu ulgamda öňdebaryjy çözgütleri we tehnologiýalary bilen oňat tanyşlygymyz bar. Şunuň bilen baglylykda, ýapon kompaniýalaryna birnäçe anyk başlangyçlara garamagy teklip edýärin.
Birinjiden, galyndylary saýpallamagyň, gaýtadan işlemegiň we ikinji gezek peýdalanmagyň hasabyna olaryň ýörite bellenilen meýdançalara iberilýän möçberini mümkin boldugyça azaltmak maksady bilen, durmuş we gurluşyk galyndylaryny gaýtadan işlemek boýunça döwrebap zawodyň gurluşygynyň taslamasyny işläp düzmegi teklip edýäris.
Ikinjiden, hapa suwlary senagatda we jemagat hojalygynda gaýtadan peýdalanmaga mümkinçilik berjek derejä çenli arassalamagyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen taslamany amala aşyrmagy maksadalaýyk hasap edýäris.
Üçünjiden, daşky gurşawda plastik galyndylaryň möçberini azaltmak hem-de polietileni ikinji gezek ulanmaga ibermek üçin plastik çüýşeleri gaýtadan işlemek boýunça kiçi zawodlaryň taslamasyny öwrenmäge taýýardyrys.
Dördünjiden, metal, plastik we elektron elementleri özünde jemleýän howply we uzak wagtlap dargamaýan galyndylaryň möçberini azaltmak maksady bilen, durmuş tehnikasyny gaýtadan işlemek boýunça kiçi zawodyň taslamasyny durmuşa geçirmek mümkinçiligini öwrenmegi teklip edýäris.
Hyzmatdaşlyk ýyllarynda toplanan tejribe biziň gatnaşyklarymyzyň ynanyşmak we ygtybarlylyk derejesiniň örän ýokarydygyny görkezdi. Muňa döwletara gatnaşyklaryň dostlukly häsiýeti, birek-biregiň bähbitlerine özara düşünmek we hormat goýmak ýörelgeleri ýardam berdi.
Çykyşymyň ahyrynda Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge we giňeltmäge üýtgewsiz ygrarlydygyny, geljekde-de ýapon işewürlerine ýurdumyzda uzak möhletleýin esasda iş alyp barmaga hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygymyzy tassyklamak isleýärin. Şu günki duşuşygyň iki tarapyň hem bähbitlerine laýyk gelýän täze bilelikdäki başlangyçlary we taslamalary durmuşa geçirmegiň ýolunda ýene bir möhüm tapgyr boljakdygyna ynanýaryn.
(Tokio şäheri, 2025-nji ýylyň 19-njy dekabry)
PDF









