17-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşanbe şäherinde geçirilýän Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.
Duşenbedäki sammit gurama agza ýurtlaryň Liderleriniň — Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Imran Hanyň hem-de ŞHG-niň ýanynda synçy derejesine eýe bolan döwletleriň birnäçesiniň Baştutanlarynyň, şol sanda Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň we Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň (sanly ulgam arkaly) gatnaşmagynda geçirildi.
Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modi, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mejlise sanly ulgam arkaly gatnaşdylar.
BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Sammite gatnaşyjylara sanly ulgam arkaly ýüzlendi. Mejlise sebit guramalarynyň birnäçesiniň, şol sanda GDA-nyň, YHG-nyň we beýlekileriň ýolbaşçylary-da gatnaşdylar.
Mundan baş-da, bu sammite BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Türkmenistandaky sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German, Hytaýyň daşary işler ministri Wan I hem-de Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow dagy gatnaşdy.
Bilelikde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, “Zarandud” zalynda ŞHG-ä agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bu ýere ýygnananlar bilen mähirli salamlaşyp, duşuşygy açdy hem-de sammite gatnaşyjylara söz berdi.
Hormatly Prezidentimiz mejlisde çykyş etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisde çykyş edip, ilki bilen, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň şu mejlisiniň guramaçylaryna bu möhüm hem-de wekilçilikli duşuşyga hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çakylygy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Türkmenistan üçin ŞHG bilen gatnaşyklar biziň daşary gatnaşyklarymyzyň giň geografik we düzümleýin diwersifikasiýasyna ygrarlylyga esaslanýan halkara hyzmatdaşlyk strategiýasynyň möhüm ugrudyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Biz Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň işine gyzyklanma we hormat goýmak bilen garaýarys, energetika hem-de ulag ulgamlarynda, söwda we maýa goýumlarda, senagatda, obasenagat toplumynda, ýokary tehnologiýalar, innowasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygymyzyň uly kuwwata eýedigine düşünýäris diýip, milli Liderimiz nygtady.
Koronawirusa garşy göreşmek barada aýdylanda bolsa, bu babatda Türkmenistanyň biziň döwletlerimiziň lukmançylyk bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmek hem-de yzygiderli gatnaşyk etmek ugrunda çykyş edýändigini bellemek gerek. Munuň üçin Türkmenistan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikdäki işi işjeňleşdirmegi teklip edýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Türkmenistan ŞHG bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berýär
Biz ŞHG bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berýäris hem-de Merkezi Aziýa sebitini çalt depginler bilen ösdürmek, kontinental ähmiýetli möhüm ulag-logistiki we ykdysady merkeze, Ýewraziýada durnuklylygyň, hyzmatdaşlygyň ygtybarly merkezine öwürmek maksady bilen, onuň geljeginiň uludygyna ynanýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz 2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda Türkmenistanda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň jemleýji resminamasynda beýan edilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halkara başlangyçlarynyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň strategik maksatlaryna gabat gelýändigini belledi.