Mukaddes harby borjuny ak ýürekden berjaý edip, Watanymyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmaga goşan goşantlaryny hem-de jemgyýetimizde kanunçylygy we hukuk tertibini berkitmekde, asudalygy gorap saklamakda bitiren uly hyzmatlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 15-nji bendine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň hem-de işgärleriniň bir toparyna harby we ýörite atlar dakyldy, hünär derejeleri berildi.

***

Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, goranmak ukybyny berkitmäge, çäk bitewüligini goramaga, howpsuzlygy, jemgyýetçilik we hukuk tertibini, kanunçylygy üpjün etmäge goşan uly şahsy goşantlary, gulluk borçlaryny göreldeli ýerine ýetirendikleri, söweşjeň taýýarlykda ýokary görkezijileri gazanandyklary üçin hem-de berkarar Watanymyza, merdana halkymyza köp ýyllaryň dowamynda birkemsiz gulluk edendiklerini, çeken halal we göreldeli zähmetini, döwletiň we jemgyýetiň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, önjeýli döwlet, jemgyýetçilik işinde gazanan uly üstünliklerini nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň bir topary Türkmenistanyň medallary bilen sylaglanyldy.