Daşkentde ýokary derejeli türkmen-özbek gepleşikleri tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Özbegistanyň ýokary döwlet sylagy — «Ýokary derejeli dostluk» (Oliý Darajali Dustlik) ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy.
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew döwlet Baştutanymyza bu ýokary sylagy gowşuryp, däp bolan türkmen-özbek dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, strategik hyzmatdaşlygy berkitmekde hormatly Prezidentimiziň şahsy goşandyny belledi. Özbek Lideriniň gol çeken Permanyna laýyklykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky berk dostluk gatnaşyklaryny, hoşniýetli goňşuçylygy we strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, döwletara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmekde, söwdada, senagatda, ulag ulgamynda, energetikada, oba hojalygynda, ylymda, bilimde, sportda, ynsanperwer ulgamda köptaraply, uzak möhletli hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmekde bitiren ägirt uly taryhy hyzmatlary, doganlyk halklarymyzyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna, jebisleşmegine, gadymy taryhy, milli gymmatlyklary, däp-dessurlary aýawly saklamaga, medeniýet we sungat ugurlarynda gatnaşyklary ilerletmäge, ählumumy durnuklylygy, özara ynanyşmak ýagdaýyny, sebitde hyzmatdaşlygy we ylalaşyklylygy berkitmäge goşan ägirt uly goşandy üçin bu abraýly sylaga mynasyp boldy.
Hormatly Prezidentimiz bu belent sylag üçin minnetdarlyk bildirip, ony Türkmenistana, türkmen halkyna hormatyň nyşany hökmünde kabul edýändigini aýtdy.
Ýeri gelende, şu ýylyň aprelinde Özbegistana amala aşyran dostluk saparynyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyzyň hem «Ýokary derejeli dostluk» ordeni bilen sylaglanandygyny nygtamak gerek.
Çeşme «Türkmenistan» gazeti
PDF









