24-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Italiýa Respublikasyna resmi sapary başlandy. Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanyny ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Rim şäherinde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Italiýa Respublikasynyň resmi adamlary, şeýle hem ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.
Saparyň çäklerinde döwlet Baştutanlarynyň ikitaraplaýyn duşuşygy geçiriler. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmen-italýan işewürlik maslahatyna hem-de Rimiň Kapitoliý muzeýinde geçiriljek «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýasy» atly serginiň açylyş dabarasyna gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.
Ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekmek meýilleşdirilýär.
PDF









