Daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen medeni gatnaşyklaryny ösdürmekde, halklaryň arasynda dostlugy we hyzmatdaşlygy berkitmekde, beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň türkmen jemgyýetiniň synmaz ruhy sütünine öwrülen döredijiliginde beýan eden ynsanperwer garaýyşlaryny dünýäde wagyz etmekde bitiren aýratyn hyzmatlaryny nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk, hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli, karar edýärin:
Şu daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamaly:
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň daşary ýurt bölümi bolan Birleşen Arap Emirliklerinde ýaşaýan türkmenleriň medeni jemgyýetiniň başlygy Khoja Murad Ata Murady,
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň daşary ýurt bölümi bolan owganystanly türkmenleriň Magtymguly Pyragy adyndaky medeni jemgyýetiniň başlygy Abdul Rahman Ahmady,
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň germaniýaly şahsy agzasy Abdul Hakim Nasserini.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabry.