22-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl duşuşygyna gatnaşdy.
Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow GDA gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl duşuşygynyň geçirilýän ýerine — Döwlet “Ermitaž” muzeýine geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşylady. Sammitiň öňüsyrasynda oňa gatnaşýan döwlet Baştutanlary «Ermitaž» muzeýine aýlanyp gördüler.
Döwlet Baştutanlary, ilki bilen, muzeýiň birinji gatynda ýerleşýän «Altyn hazyna» zalyna baryp gördüler. Bu ýerde antik döwrüň zergärleriniň ýasan altyn şaý-sepleri görkezilýär. Şolaryň hatarynda gadymy skif halkyna degişli bolan iki müň ýyllyk altyn önümler nepisligi bilen haýran galdyrýar. Ikinji gatda ýerleşýän Orta Aziýa zalynda Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy bilen tanyşmak bolýar. Ekspozisiýa asyrlaryň dowamynda medeniýetleriň arasynda kemala gelen gatnaşyklar bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Gadymy döwürlerde ýurtlary we halklary birleşdiren Beýik Ýüpek ýoly diňe bir özara bähbitli söwda gatnaşyklaryny alyp barmakda däl, eýsem, medeni dialogy yzygiderli ösdürmekde hem özboluşly köpri bolup hyzmat edipdir. Bu söwda ýolunyň merkezinde ýerleşýän türkmen topragy Gündogar bilen Günbatary baglanyşdyrypdyr. Ýükli kerwenler ýurdumyzyň üstünden Ýakyn Gündogar we Ýewropa ýurtlaryna geçipdirler. Bu ýoluň ugrunda ýerleşýän Merw, Köneürgenç, Nusaý ýaly şäherler möhüm ylmy we medeni merkezler bolupdyr.
Soňra dostlukly ýurtlaryň Liderleri Beýik Britaniýanyň we Fransiýanyň sungaty bilen tanyşdyrýan zallara aýlanyp gördüler. Bu ýerde Günbataryň meşhur suratkeşleriniň, heýkeltaraşlarynyň eserleri bilen tanyşmak bolýar.
Soňra döwlet Baştutanlary «Leonardo da Winçi» zalyna baryp gördüler. Bu ýerde Ýewropanyň Gaýtadan döreýiş döwrüniň beýik ussadynyň 20-den gowrak eseri saklanýar. Bu sungat eserleri çeperçilik ussatlygy we çuňňur many-mazmuny bilen tapawutlanýar.
Muzeý bilen tanyşlyk tamamlanandan soňra, GDA gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl duşuşygy geçirildi. RF-niň Prezidenti Wladimir Putin duşuşygy açyp, oňa gatnaşyjylary ýene-de bir gezek mähirli mübärekledi hem-de resmi däl sammite gatnaşmak üçin Sankt-Peterburga gelmäge çakylygy kabul edendikleri üçin hemmelere hoşallyk bildirdi.
Sammitiň dowamynda şu ýyl Arkalaşygyň çäklerinde ýerine ýetirilen işleriň netijelerine syn berildi, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hem-de geljek üçin wezipeler kesgitlenildi. Ykdysady hyzmatdaşlygyň oňyn görkezijileri kanagatlanma bilen bellenildi. Şeýle hem sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy. Prezident Wladimir Putin 2026-njy ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmegi mynasybetli döwlet Baştutanymyzy gutlady we üstünlikleri arzuw etdi.
Arkalaşygyň ýurtlarynyň hoşmeýilli erke, özara hormat goýmaga, ynanyşmaga esaslanýan deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydyklary nygtaldy. Şu gezekki duşuşyk hem GDA ýurtlarynyň netijeli hyzmatdaşlygy häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze derejä çykarmagy maksat edinýändikleriniň güwäsidir. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti mümkinçilikden peýdalanyp, GDA gatnaşyjy ýurtlaryň ähli raýatlaryna ýetip gelýän Täze ýyl baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Bu ýerde belent mertebeli myhmanlaryň hormatyna Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň adyndan resmi däl günortanlyk nahary berildi. Şeýle hem döwlet Baştutanlary “Ermitaž” muzeýinde konserte tomaşa etdiler.
Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Sankt-Peterburg şäheriniň «Pulkowo» Halkara howa menziline bardy we bu ýerden Watanymyza ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl duşuşygyna gatnaşmagy ýurdumyzyň açyk we özara hormat goýmak dialogyna ygrarlydygynyň nobatdaky aýdyň beýany boldy. Resmi däl görnüşde geçen sammit tamamlanyp barýan ýylyň jemlerini jemlemek bilen bir hatarda, dürli ulgamlarda bilelikdäki täze başlangyçlar üçin binýat goýmaga hem mümkinçilik berdi. GDA-nyň assosirlenen agzasy hökmünde Türkmenistan üçin şeýle meýdança sebitde parahatçylyk döredijilikli başlangyçlary ilerletmekde möhüm gural bolup durýar.
PDF









