17-nji dekabr hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Ýaponiýa ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Häzirki döwürde däp bolan dostlukly türkmen-ýapon gatnaşyklary strategik hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasy bolup durýar. Özara hormat goýmak we deňhukuklylyk ýörelgeleri giň möçberli bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin berk binýat bolup hyzmat edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasaty özara ynanyşmagyň ýokary derejesi bilen tapawutlanýan köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge güýçli itergi berýär.
Milli bähbitleriň özara baglanyşygy häzirki wagtda sebitiň energetika we ekologiýa gün tertibini kesgitleýän ägirt uly taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde öz beýanyny tapýar. “Kawasaki Heavy Industries”, “Mitsubishi Corporation”, ITOCHU, “Sojitz” ýaly öňdebaryjy ýapon kompaniýalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlygyň netijesinde sebitde deňi-taýy bolmadyk önümçilik kärhanalary döredildi. Ahaldaky tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa benzin öndürýän zawod şeýle hyzmatdaşlygyň aýdyň mysallarynyň biridir. Gyýanlyda polimer zawodynyň, Garabogazda karbamid zawodynyň işe girizilmegi bu strategiýanyň dowamy boldy. Bu taslamalar Türkmenistanyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmak bilen bir hatarda, milli ykdysadyýetimiziň senagat taýdan ösüşiniň täze tapgyryny alamatlandyrdy.
Ýaponiýa şu gezekki sapary hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň dowamynda bu ýurda amala aşyrýan ikinji saparydyr. Mälim bolşy ýaly, aprel aýynda döwlet Baştutanymyz Ýaponiýa sapary amala aşyryp, onuň dowamynda “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabara gatnaşdy, şeýle-de ýokary derejedäki duşuşyklary geçirdi. Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzyň milli pawilýony bu giň möçberli sergide ilkinji bolup açyldy we iň gelim-gidimli pawilýonlaryň biri boldy. Umuman, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan netijeli türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilip, dürli ulgamlarda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.
Birnäçe sagatdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary Tokio şäheriniň Haneda Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz mähirli garşylandy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş sapary dowam edýär.