24-nji oktýabrda Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Annamämmet Annaýew bilen Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Baş direktory Dan Ýankunyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň toplumy boýunça pikir alşyldy. Taraplar özara hormat we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň durnukly ösýändigini belläp geçdiler.
Diplomatlar syýasy dialogy ösdürmegiň we Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçiriljek geňeşmeleriň ähmiýeti barada aýratyn nygtadylar.
Taraplar ykdysady hem-de ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk babatda pikir alyşdylar we bu ugurlarda gatnaşyklary pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirdiler.
Ulag we logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň, hususan-da Hazar we Gara deňizlerini birleşdirýän taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti aýratyn bellenildi.
Şeýle hem taraplar Rumyniýada ýaşaýan we okaýan Türkmenistanyň raýatlaryna degişli konsullyk meselelerine aýratyn üns berdiler.
Duşuşygyň netijesi boýunça taraplar Türkmenistanyň we Rumyniýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hem-de netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.
PDF









