17-nji sentýabrda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Ilçihanasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine we Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine bagyşlanan «tegelek stol» maslahaty guraldy.
Bu çäre Saud Arabystany Patyşalygynda ýaşaýan türkmen diasporasy hem-de diplomatik wekilhananyň işgärleri gatnaşdylar.
Çärä gatnaşyjylara Türkmenistanda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip edilmegi bilen baglanyşykly Türkmenistanda geçirilýän giň gerimli çäreler barada giňişleýin maglumat berildi.
Şeýle hem, maslahata gatnaşyjylar 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda geçirlýän Halk maslahatyň nobatdaky mejlisiniň Türkmenistan we türkmen halky üçin aýratyn ähmiýetiniň bardygy barada nygtaldy.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylara ýurduň dürli ugurlarda gazanan üstünlikleri, halkara parahatçylygy we durnuklylygy berkitmekdäki möhüm goşandy bilen tanyşmaga mümkinçilik berýän wideoýazgy görkezildi.