24-nji dekabrda Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Çärä Täjigistanda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, Täjigistanyň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan türkmen talyplary, ylym-bilim jemgyýetçiliginiň wekilleri we Ilçihananyň işgärleri gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda Ilçihananyň işgärleri Täjigistandaky türkmen jemgyýetiniň wekili A.Bekmyradow, Täjigistanyň Milli uniwersitetiniň professory H.Umarow, M.S.Osimi adyndaky Täjigistanyň Tehniki uniwersitetiniň tehniki kollejiniň halkara gatnaşyklary boýunça orunbasary Z.Häkimow, Rus-täjik slawýan uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby M.Atajanowa we başgalar çykyş etdiler.
Çärede çykyş edenler, türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilen döwlet Baştutanymyzyň kitabynda türkmen Bitaraplygynyň geçen ýoly, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýeti, dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmäge gönükdirilen taryhy başlangyçlary giňden beýan edilýändigi hem-de Bitarap Türkmenistanyň häzirki zaman diplomatiýasyny täze döwrüň şertlerine laýyklykda türkmen halkynyň taryhy mirasynyň dowamaty hökmünde häsiýetlendirip boljakdygy barada bellediler.
Çäräniň ahyrynda 2025-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda geçirilen “Türkmenistanyň durnukly ulag syýasatynyň halkara ulag-logistika hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakdaky orny” atly halkara ylmy-amaly maslahata Täjigistanyň agrar uniwersitetiniň dosenti T.Kamolowanyň we M.S.Osimi adyndaky Täjigistanyň Tehniki uniwersitetiniň uly mugallymy A.Zokirzodanyň bu maslahata üstünlikli gatnaşandyklary üçin iberilen sertifikatlary gowşuryldy.