26-njy aprelden 3-nji maýa çenli Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň wekilleri Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Günbatar Sakson welaýatynyň Zwikau şäherindäki Amaly Ylymlar Uniwersitetine iş saparyny amala aşyrýar.

Zwikau Amaly Ylymlar Uniwersiteti (WHZ) Germaniýada inženerçilik, awtomobil senagaty, sanly tehnologiýalar we durnukly ösüş ugurlary boýunça tanalýan ýokary okuw mekdebidir. Uniwersitet Volkswagen Sachsen ýaly iri senagat kärhanalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär, şeýle hem talyplar üçin amaly ugurly bilim bermekde öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýär. Mundan başga-da, uniwersitetiň düzüminde Robert Schumann Konserwatoriýasy hereket edýär.
Saparyň dowamynda institutyň wekilleri uniwersitetiň ýolbaşçylary bilen duşuşdylar. Duşuşykda taraplar ýokary okuw mekdepleriniň mümkinçilikleri bilen tanyşdyryş çykyşlaryny geçirip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Saparyň çäklerinde uniwersitetiň häzirki zaman enjamlar bilen üpjün edilen ylmy barlaghanalary bilen hem tanyşlyk guraldy. Bu sapar iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine täze itergi berdi.