23-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Bahreýn Patyşalygynyň Daşary işler ministri Abdullatif bin Raşid Al-Zaýaniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Bahreýn Patyşalygynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ýokary derejesi bellenildi.
Ministrler iki döwletiň arasynda halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki ysnyşykly hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň ähmiýetini nygtadylar.
Taraplar şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Halkara bitaraplyk gününe bagyşlanan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň guramaçylygy bilen bagly meseleleri hem ara alyp maslahatlaşdylar.