Gazagystanda resmi saparda bolýan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri Murat Nurtleu bilen duşuşdy. Bu barada Gazagystanyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýtynda habar berilýär.
Duşuşygyň barşynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady, ulag-üstaşyr, energetika, medeni we ynsanperwer ugurlardaky özara gatnaşyklaryny öz içine alýan köp sanly meseläni ara alyp maslahatlaşdy.
Esasy üns Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda Aşgabada we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda Astana eden döwlet saparlaryndan soň gazanylan şertnamalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine gönükdirildi.
Şeýle hem taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk giňeltmegiň ugurlaryna seretdiler. Soňky 5 ýylda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky söwdanyň möçberi 4 esse artdy. 2023-nji ýylda bu görkeziji 28 göterim ýokarlanyp, 563 million dollara deň boldy.
– Şu ýylyň birinji çärýeginde iki ýurduň arasyndaky söwdanyň möçberi 100 million dollardan geçdi. Döwlet Baştutanlarynyň özara söwdany 1 milliard dollara ýetirmek babatdaky öňde goýan wezipelerini ýakyn geljekde durmuşa geçirmek mümkinçilikleri bar – diýip, Murat Nurtleu belledi.
Taraplar ulag-üstaşyr ulgamdaky hyzmatdaşlyga ýokary baha berdiler. Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demirýol ulgamyndaky hyzmatdaşlyk her ýyl artýar. Geçen ýyl iki ýurduň arasyndaky ýük gatnawy 20 göterim artyp, 1,3 million tonna deň boldy.