5-nji noýabrda Urumçy şäherinde SUAR, HHR-de 12-nji Hytaý – Merkezi Aziýa Hyzmatdaşlyk Forumy geçirildi.
Forumyň çäklerinde geçirilen hyzmatdaşlykda gazanylan üstünliklere bagyşlanan sergi hem-de dört sany söwda we ykdysadyýet, bilim, garyplygy azaltmak we aýallaryň meseleleri ýaly ugurlar boýunça geçirilen çärelerde Hytaýyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we halkara guramalarynyň wekillerini birleşdirdi. Forumyň mowzugy “Hytaý-Merkezi Aziýa ruhuny ösdürmek we umumy döwrebaplaşdyrmagy öňe sürmek” hökmünde kesgitlenildi.
Ýokarda agzalan Forumyň işine Türkmenistanyň HHR-däki Ilçihanasynyň diplomatlary we Bilim ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň we Zenanlar birleşmesiniň wekillerinden ybarat bolan wekiliýeti gatnaşdy.
Türkmenistanyň HHR-daky Ilçisi Parahat Durdyýew açylyş dabarasynda eden çykyşynda “Merkezi Aziýa-Hytaý” formatynyň çäklerinde, Türkmenistanyň daşary ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan strategiki ugurlary barada belläp geçdi, gepleşikleri mundan beýläk-de ulgamlaşdyrmagyň we bilelikdäki taslamalary amaly taýdan utgaşdyrmagyň möhümdigini nygtap, söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek we ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşmagynda senagat taslamalaryny ýola goýmak we durmuşa geçirmek, ulag-logistika pudagynyň ösdürilmeginiň we hünärmenleriň alyş-çalşygy ýaly meseleleriň ileri tutulýan wezipeler bolup galýandygy barada belläp geçdi. Hyzmatdaşlygyň anyk mysallary hökmünde bolsa, şäher içi ulag ulgamynyň işjeň täzelenmegi we hytaý kompaniýalarynyň infrastruktura taslamalaryna gatnaşmagy barada belledi.
Ilçi şeýle hem sebitara taslamalaryny (şol sanda demir ýol geçelgelerini) durmuşa geçirmekde üstaşyr ýurt hökmünde Türkmenistanyň ornuna, şeýle hem onuň Durnukly ösüş maksatlaryna we 2022-2052 we 2022-2028-nji ýyllar üçin sosial-ykdysady ösüşiň uzak möhletleýin we orta möhletli Maksatnamalaryna ýetmäge ygrarlydygyna aýratyn ähmiýet berdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň daşary ýurtly we hytaýly hyzmatdaşlary milli taslamalara, halkara tenderlerine, şeýle hem maýa goýum başlangyçlaryna gatnaşmaga çagyrýandygy barada nygtady.
Soňra forumyň barşynda, gatnaşyjylar mundan beýläk-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlaryny, şol sanda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny, ulag-logistika taslamalaryny, energetika hyzmatdaşlygyny, senagat we infrastruktura pudaklarynda maýa goýum taslamalaryny, şeýle hem bilim, medeniýet, ynsanperwer başlangyçlaryny, sanlylaşdyrma we ýaşyl ykdysadyýet ugurlaryndaky maksatnamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem taraplar häzirki wagtda durmuşa geçirilýän taslamalar baradaky bahalandyrmalary we sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky amaly gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň geljekki ädimleri barada pikir alyşdylar.
Forumyň jemlerinde, gatnaşyjylar söwda, ýaşyl ösüş, howpsuzlyk we sebit gatnaşyklary meselelerine aýratyn üns berip, bu ugurlarda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we umumy geljegi bolan has jebis Hytaý-Merkezi Aziýa jemgyýetini döretmek boýunça biragyzdan ylalaşyga geldiler.