6-njy fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Pekin jarnamasynyň we Hereketleriň platformasynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen «2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň ýerine ýetirilmegine çenli 5 ýyl: Merkezi Aziýanyň geljegi» atly ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşdy.
Çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şol sanda gender deňligi meselelerine ýöriteleşen hünärmenler gatnaşdy.
Ýokary derejedäki duşuşygyň maksady Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýokary derejeli wekilleri we beýleki möhüm taraplar üçin DÖM-i we Durnukly ösüş boýunça 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini durmuşa geçirmekde ösüşi çaltlaşdyrmak üçin meýdançany döretmekden ybarat boldy.
M.Bäşimowa öz çykyşynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan bäri aýal-gyzlaryň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyň ähli ugurlaryna deňhukukly gatnaşmak boýunça ýörelgelerini berkitmäge gönükdirilen işjeň gender syýasatyny alyp barýandygyny nygtady. Gender ösüşiniň meseleleri aýal-gyzlaryň ýurduň durmuş-ykdysady we medeni ösüşine mundan beýläk-de goşulyşmagyny möhüm ugurlarynyň biri edinýän Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ähli milli maksatnamalarynda öz beýanyny tapýar.
Bu ugurda gazanylan esasy üstünlikleriň hatarynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan degişli halkara konwensiýalarynyň düzgünlerini ýerine ýetirýän «Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda» Kanunynyň kabul edilendigi bellenildi.
Ýokary derejedäki duşuşyk oňa gatnaşyjylara Pekin +30 Sebit syny, Merkezi Aziýada DÖM 5 boýunça gazanylan ösüş we gender deňligini maliýeleşdirmek ýaly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi.
***
M.Bäşimowa ýokary derejedäki duşuşygyň çäklerinde «BMG – Zenanlar» düzüminiň Ýewropa we Merkezi Aziýa üçin Sebit direktory Belen Sans Luke bilen duşuşdy. Söhbetdeşler gender syýasatyny kämilleşdirmek we aýallaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek ugrundaky hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alyşdylar.
Şeýle hem, aýallaryň durnukly ösüşi ilerletmekdäki we oňa ýetmekdäki ornuna ähmiýet bermek bilen, Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň zenanlarynyň forumyny, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň zenanlar dialogyny geçirmegi meýilleşdirýändigi bellenildi.
M.Bäşimowa Belen Sans Lukeni Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde geçiriljek çärelere gatnaşmaga çagyrdy.