Ýewropa Bileleşigiň Erasmus+ maksatnamasynyň çäklerinde, Merkezi Aziýa döwletleri bilen sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen “Daşky gurşaw meselelerini, durmuş zerurlyklaryny we ýokary dolandyrylyşy Merkezi Aziýanyň bilim we iş üpjünçiligi ulgamlarynda göz öňünde tutmak” (ESGCA) atly taslamasy boýunça, Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlaryndan ybarat topar Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryş akademiýasynyň çakylygy boýunça dört günlük iş saparyny amala aşyrdylar. Bu sapar Merkezi Aziýada ekologiýa, jemgyýetçilik we dolandyryş (ESG) ýörelgeleri boýunça bilim ulgamyny berkitmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryň çäginde gurnaldy.
Bu taslama ESG boýunça magistratura maksatnamalaryny we ýöriteleşdirilen okuw sapaklaryny döretmek arkaly ekologik bilimi döwrebaplaşdyrmaga we ösdürmäge gönükdirilendir. Bu maksatnamalarda häzirki döwrüň möhüm meseleleri, ýagny howanyň üýtgemegi, biodürlüligi gorap saklamak, durnukly ösüş we tebigy serişdeleri dolandyrmak ýaly ugurlar öz beýanyny tapýar.
Astanadaky seminar 9–12 sentýabrda geçirilip, 2-nji iş toplumynyň «Ösüş» böleginiň esasy çäresi boldy. Ol aşakdaky dört ugra gönükdirildi:
Merkezi Aziýanyň uniwersitetlerinde Ylmy-barlag we innowasiýa merkezlerini döretmek;
Ýerli mugallymlaryň hünärini ýokarlandyrmak üçin Ýewropa Bileleşigiň ýokary okuw jaýlarynyň okuw maksatnamalaryny geçirmek;
ESG standartlaryna laýyk okuw meýilnamalaryny we materiallaryny işläp taýýarlamak;
Okuw maslahatynyň we «Tegelek stoluň» netijelerini sebit hyzmatdaşlygyny ýokarlandyrmakda ulanmak.
Astanadaky okuw maslahaty Merkezi Aziýa şertlerinde ESG çemeleşmeleriň ulanylyşyna üns berip, ýokary bilim ulgamyndaky ekologik kynçylyklar we hasabat tejribelerine bagyşlandy. Esasy mowzuklar aşakdakylardan ybarat boldy:
Ýewropa Bileleşigi we Merkezi Aziýada ESG we “ýaşyl” ykdysadyýete geçiş;
Durnukly ösüş boýunça ekologik ölçegler, audit we hasabatlylyk;
Howany goramak üçin häzirki zaman tehnologiki çözgütler;
Bilim we önümçilikde durnukly amaly çemeleşmeler;
Ekologik meseleleri çözmek üçin ESG boýunça mini-strategiýalary işläp taýýarlamak.
Okuw maslahatyna 32 resmi wekiliýet agzasy, şeýle-de döwlet edaralaryndan, ylmy jemgyýetçilikden we işewür düzümlerden bolan takmynan 100 çakylykly gatnaşyjy gatnaşdy. Çäräniň jemlenişinde geçirilen «Tegelek stol» duşuşygynda uniwersitetleriň, kärhanalaryň we döwlet edaralarynyň wekilleri ESG ýörelgeleriniň ýokary bilime we amaly işe ornaşdyrylyşy boýunça pikir alyşdylar. Okuw maslahaty taslamanyň çägindäki geçirilmeli giňişleýin çäreleriň bir bölegi boldy. Her bir okuw sebit hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga we uniwersitetleri halkara ESG standartlaryna ýakynlaşdyrmaga gönükdirildi. Astanada geçirilen okuw maslahatyndan garaşylýan birnäçe artykmaçlyklar bellenildi:
Akademik gurşawda ekologik durnuklylyk baradaky habardarlygyň ýokarlanmagy;
Ekologik hasabatlylyk tejribeleri we halkara standartlary boýunça bilimleriň giňelmegi;
Durnukly ösüş ugrunda işewürlik bilen ylmyň hyzmatdaşlygy üçin amaly maslahatlar;
Merkezi Aziýanyň uniwersitetlerinde ýokary hilli inklýuziw bilimi ösdürmek boýunça strategiýalaryň işlenip taýýarlanylmagy.
Türkmenistanyň wekiliýeti okuw maslahatyndaky we “Tegelek stol” duşuşyklaryndaky pikir alyşmalara işjeň gatnaşdylar. Olaryň goşandy ESG ýörelgeleriniň Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň okuw maksatnamalaryna ornaşdyrylmagynyň hem-de ekologiýa dolandyryşy boýunça Ýewropa hyzmatdaşlary bilen gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ähmiýetini görkezdi. Bu iş sapary Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen ylym-bilim babatda halkara derejesinde geljekki hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini açmaga we ýurduň sebitleýin durnukly ösüş başlangyçlaryndaky ornuny ýokarlandyrmaga ýardam berdi.