22–23-nji oktýabrda Ženewada Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) baş edarasynyň binasynda Aziýa Ösüş Banky (AÖB) bilen bilelikde guralan «CAREC sebiti we köptaraplaýyn söwda ulgamy: Merkezi Aziýada we onuň çäklerinden daşarda integrasiýany çuňlaşdyrmak» atly ýokary derejeli forum geçirildi.
Bu çärä Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary B.Ýalakowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.
Forumda B.Ýalakow Türkmenistanyň köptaraplaýyn söwda ulgamyna tapgyrlaýyn integrasiýasynyň ähmiýetini belläp, milli kanunçylygyň BSG kadalaryna laýyk getirilmeginiň hem-de sebit hyzmatdaşlygynyň berkidilmeginiň ýurduň söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmekde ileri tutulýan ugurlardygyny nygtady.
Forumyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Bütindünýä Söwda Guramasynyň ýolbaşçylary bilen hem duşuşdy. Duşuşykda Türkmenistanyň BSG-a girmegi boýunça alnyp barylýan işler, agza döwletleriň tejribesiniň öwrenilmegi, şeýle hem halkara hyzmatdaşlar tarapyndan tehniki we maslahat goldawynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bu forum Türkmenistanyň BSG bilen gatnaşyklaryny berkitmekde, daşary ykdysady mümkinçiliklerini ösdürmekde we onuň bähbitlerini sebit hem-de halkara ykdysady işleriň çäklerinde ilerletmekde möhüm ädim boldy.
PDF









