25–26-njy martda Nýu-Deli şäherinde Hindistan–Merkezi Aziýa Gaznasynyň guramagynda “Hindistan – Merkezi Aziýa: Köp polýarly dünýäde baglanyşyk, howpsuzlyk we durnukly hyzmatdaşlyk” (India – Central Asia: Connectivity, Security, and Sustainable Partnerships in a Multipolar World) atly halkara maslahat geçirildi.
Halkara maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy.
Maslahatyň dowamynda, Hindistan Respublikasynyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklaryny ösdürmek maksady bilen, syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça tematiki sessiýalar geçirildi.
Rektor Ýusupowa maslahatyň “Hindistanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek” atly sessiýasynda çykyş edip, bu ugurda Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasaty barada gürrüň berdi.