Iýun aýynyň 23-25-i aralygynda Samarkant şäherinde BMG-niň Döwlet gullugy meseleleri boýunça halkara forumy geçirildi. Foruma Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň rektory A.Annamyradowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy.
Forum netijeli, aç-açan we durnukly döwlet gullugyny ösdürmegiň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin dünýäniň dürli ýurtlaryndan döwlet edaralarynyň, halkara guramalarynyň we akademiki toparlaryň wekillerini ýygnady.
Forumyň çäginde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň rektory forumyň bölümçeleriniň birinde çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň bu ugurda gazanan üstünlikleri, milli tejribesi, döwlet gullukçylaryny taýýarlamakda, döwlet gullugynda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy, şeýle hem döwlet gullukçylarynyň etiki hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak barada geçirilýän işler boýunça milli tejribe barada gürrüň berdi.