Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 2025-nji ýylyň 29-njy sentýabry – 1-nji oktýabry aralygynda Ispaniýa Patyşalygynyň Barselona şäherinde geçirilýän ÝUNESKO-nyň Medeni syýasat we durnukly ösüş boýunça bütindünýä maslahatyna (MONDIACULT-2025) gatnaşýar.
Maslahatyň esasy maksady geljekki onýyllyklar üçin medeni syýasatyň ösüşiniň strategik ugurlaryny işläp taýýarlamakdan hem-de medeniýeti durnukly ösüşiň esasy şertleriniň biri hökmünde post-2030 ählumumy gün tertibine ornaşdyrmakdan ybaratdyr.
Bütindünýä maslahat her dört ýylda bir gezek geçirilýär we medeni syýasat ulgamynda dialog we hyzmatdaşlyk üçin öňdebaryjy halkara meýdança bolup hyzmat edýär.
Maslahata ÝUNESKO agza döwletleriniň, assosirlenen agza ýurtlaryň we gurama agza bolmadyk ýurtlaryň wekilleri, şeýle hem BMG ulgamynyň edaralarynyň, hökümetara we halkara hökümete degişli däl guramalaryň wekilleri gatnaşýarlar.
160-dan gowrak döwletiň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda geçirilýän maslahatda halkara hyzmatdaşlygyň häzirki zaman ugurlary, şol sanda medeni hukuklaryň üpjün edilmegi, sanly özgeriş, medeniýet bilen bilimiň özara gatnaşyklary, döredijilik senagatlarynyň ösüşi, medeniýetiň howanyň üýtgemeleri bilen baglanyşygy, çylşyrymly ýagdaýlarda medeni mirasy gorap saklamak hem-de emeli aňyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň geljegi ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.
Maslahatyň çäklerinde ministrler derejesindäki dialoglar we birnäçe ugurdaş çäreler geçirilýär.
«Medeniýet we parahatçylyk» we «Medeniýet we bilim» atly birleşen mowzuklaýyn sessiýadaky çykyşynda M.Bäşimowa Türkmenistanyň Prezidentiniň baý taryhy-medeni mirasy gorap saklamaga we wagyz etmäge, medeni dialogy berkitmäge hem-de medeni diplomatiýany işjeň ösdürmäge gönükdirilen syýasatynyň ähmiýetini nygtady.
Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýörelgelerine we binýatlyk garaýyşlaryna berk ygrarlydygy aýratyn bellenilip, onuň guramanyň esasy maksatnamalaryny we başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmagynda, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hem-de halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygyny ösdürmäge goşýan goşandynda öz beýanyny tapýandygy aýdyldy.
Türkmenistanyň «MONDIACULT-2025» maslahatyna gatnaşmagy ählumumy medeni gün tertibini kemala getirmäge we medeniýet hem-de durnukly ösüş babatda halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge mynasyp goşant boldy.