18-nji noýabrda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy Oguljennet Berdiliýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ženewada Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) wekilleri bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.
Hususan-da, Halkara Zähmet Guramasynyň Baş direktorynyň kömekçisi, HZG-niň Sebit direktory Beata Andres, Halkara Zähmet Guramasynyň Zähmetkeşler býurosynyň täze direktory Oliwer Ropke, şeýle hem Halkara zähmet kadalary departamentiniň direktory Korin Warga we beýlekiler bilen duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklarda hyzmatdaşlygy ösdürilmek, bilelikdäki Çäreler meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi hem-de mynasyp zähmeti, jemgyýetçilik dialogyny we zähmet kanunçylygynyň kämilleşdirilmegini ilerletmek boýunça geljekki ädimleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Oliwer Ropkäniň täze wezipesine girişenden soň ilkinji resmi kabul eden ýurdy bolandygy aýratyn bellenildi. Bu bolsa ýurduň zähmet gatnaşyklary babatdaky işjeň ornunyň we garaýyşlarynyň ykrar edilmeginiň we ýokary ynam bildirilmeginiň möhüm alamaty hökmünde kabul edildi.
HZG-niň tehniki hünärmenleri halkara zähmet ülňüleriniň tassyklanylmagy we olaryň amaly taýdan ornaşdyrylmagy boýunça türkmen wekiliýetiniň agzalary bilen geňeşmeleri geçirdiler.
HZG-niň wekilleri Türkmenistanda zähmet hukuklarynyň gorag ulgamynyň berkidilmegi, mejbury we çaga zähmetiniň öňüniň alynmagy, iş ýerlerinde howpsuz şertleriň üpjün edilmegi boýunça alnyp barylýan tagallalara ýokary baha berdi.
Taraplar mundan beýläk-de hyzmatdaşlygy dowam etmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.