Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy diplomatik wekilhananyň konsullyk okrugyna girýän daşary ýurt raýatlaryna Eýranyň çäginden Türkmenistana geçip, watanyna dolanmak meselesinde kömek bermäge taýýardygyny mälim etdi. Bu barada Ilçihananyň resmi sahypasynda habar berilýär.
Ilçihananyň resmi sahypasynda ýerleşdirilen bildirişde şeýle diýilýär:
«Ýakyn Gündogardaky ýagdaý bilen baglylykda, Tokio şäherindäki Türkmenistanyň Ilçihanasy ilçihananyň konsullyk okrugyna degişli daşary ýurt raýatlaryna (Ýaponiýa, Filippinler Respublikasy, Awstraliýa we Täze Zelandiýa) Eýranyň çäginden geçip, Türkmenistan arkaly watanyna dolanmaga kömek bermäge taýýardygyny bildirýär».
Kömek almak üçin raýatlaryň pasport nusgalary bilen bilelikde degişli haýyşnamany şu elektron poçta ibermekleri haýyş edilýär: consulate_jp@mfa.gov.tm.