23-nji martda «Green×EXPO 2027» halkara bagbançylyk sergi assosiasiýasynyň binasynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Atadurdy Baýramowyň assosiasiýasynyň Baş sekretary Komura Masato bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda 2027-nji ýylyň 19-nji marty – 26-njy sentýabry aralygynda Ýaponiýanyň Ýokohama şäherinde geçiriljek «Green×EXPO 2027» halkara bagbançylyk sergisine Türkmenistanyň gatnaşmagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem 2027-nji ýylyň dowamynda geçiriljek «Green×EXPO 2027» halkara bagbançylyk sergisine ýurdumyzyň gatnaşmagyny utgaşdyrmak üçin Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň baş komissariat hökmünde bellenendigi barada habar berildi.
Ýapon tarapy Türkmenistanyň bu halkara bagbançylyk sergisine gatnaşmak meýilleri üçin minnetdarlygy beýan etdi hem-de guramaçy assosiasiýanyň ýurdumyzyň bu çärä üstünlikli gatnaşmagy üçin ähli zerur tagallalary etmäge taýýardygy nygtaldy.