18 — 20-nji sentýabrda Garaşsyzlygyň 34 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
Guraýjy topar Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, türkmen işewürlerini, ýurdumyzyň raýatlaryny, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini sergä çagyrýar.
Sergi-ýarmarkanyň iş wagty:
18-nji sentýabrda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli;
19-njy sentýabrda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli;
20-nji sentýabrda sagat 10:00-dan 15:00-a çenli.
Sergi Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň ugrunda ýerleşýän Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 39-88-84, 39-88-81/82/68.