18-nji sentýabrda paýtagtymyzda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işine başlady. Milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ösüşini, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli syýasy-jemgyýetçilik, medeni-ynsanperwer özgertmeleri şöhlelendirýän bu forum her ýyl Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýär. Söwda-senagat edarasynyň binasynda ýaýbaňlandyrylan serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden gelen wekiller, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Bu ýerde sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda mizemez türkmen döwletiniň berkararlygynyň — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk döwrüniň içinde gazanan üstünliklerini, ýeten belent sepgitlerini dünýä jemgyýetçiligine açyp görkezmek maksadyndan ugur alnyp geçirilýän bu serginiň uly üstünliklere beslenjekdigine ynam bildirip, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde ýetilen sepgitleriň we gazanylan üstünlikleriň geljegiň röwşen ýollaryny gurmagyň mizemez binýadydygyny belleýär. Şunuň bilen baglylykda, bu ýörelgeden ugur alnyp, milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de durnukly ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan iri senagat toplumlary döredilýär, ähli pudaklary döwrebaplaşdyrmak hem-de sanly ulgama geçirmek ugrundaky işler üstünlikli dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň Gutlagy uly üns bilen diňlenildi.
Serginiň açylyş dabarasyna gatnaşyjylar, ilki bilen, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini, durmuşa geçirilen özgertmeleri, halkymyzyň abadan durmuşy ugrunda alnyp barylýan işleri şöhlelendirýän wideoşekillere tomaşa etdiler. Soňra myhmanlar sergi bilen tanyşdylar.
Sergide Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimlikleriniň diwarlyklary ýaýbaňlandyrylypdyr. Her pawilýon diňe bir sergi meýdançasy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, Watanymyzyň şäherleriniň we sebitleriniň durmuş-ykdysady ösüşiniň beýanydyr. Olarda ýerleşdirilen monitorlarda sebitleriň özboluşly aýratynlyklaryny, senagat kuwwatyny, dürli ugurlar boýunça gazanýan üstünliklerini, medeni durmuşyny şöhlelendirýän şekiller görkezilýär. Hususan-da, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşleriniň nyşanyna öwrülen Arkadag şäheriniň diwarlygy myhmanlarda aýratyn gyzyklanma döretdi. Häzirki wagtda «akylly» şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyry batly depginde dowam edýär. Diwarlykda ýerleşdirilen monitorda şäheriň taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde amala aşyrylan işler barada gürrüň berilýär.
Gözden geçirilişde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri, döwlet maksatnamalarynyň, innowasion taslamalaryň çäklerinde üstünlikli amala aşyrylýan çäreleri giňişleýin şöhlelendirýän pudaklaýyn diwarlyklar ýerleşdirilipdir. Şunda nebitgaz toplumynyň pudaklaryna aýratyn orun berlipdir.
Bu ýerde ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan oba hojalygyna hem möhüm orun berlipdir. Giň gerimli gözden geçirilişde pudaga Türkmenistanyň Oba hojalyk we Daşky gurşawy goramak ministrlikleri, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti, «Türkmenpagta» döwlet konserni, «Türkmengallaönümleri», «Türkmenobahyzmat», Türkmenistanyň Azyk senagaty, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşikleri wekilçilik edýärler. Olaryň diwarlyklarynda ýokary hilli azyk önümleri, pudaga ornaşdyrylýan öňdebaryjy tehnologiýalar, oba hojalyk ylmyny, tohumçylygy hem-de seçgiçilik işlerini häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän işler bilen tanyşdyrylýar. Sergä oba hojalygyna ýöriteleşen hususy kärhanalaryň, şol sanda balyk hojalygy bilen meşgullanýan «Täze balyk», «Elin balyk» hojalyk jemgyýetleriniň, hindi towugyny ösdürip ýetişdirmäge, onuň etinden dürli önümleriň önümçiligine ýöriteleşen «Maksada okgunly» hususy kärhanasynyň gatnaşmagy hem muny doly tassyklaýar.
Sergide «Türkmen aýna önümleri» kärhanasy hem öz diwarlygyny ýaýbaňlandyrypdyr. Ýurdumyzyň işewür toparlarynyň wekilleri toplumlaýyn maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşyp, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşýarlar. Şolaryň hatarynda «Ojar Aziýa», «Nur bina gurluşyk», «Ajaýyp gurluşyk» ýaly gurluşyk pudagyna ýöriteleşen hususy kärhanalar, gurluşyk serişdelerini, boýaglary we gurluşyk garyndylaryny öndürýän «Türkmen bina gurluşyk», «Ak bulut», «Ak gaýa» hojalyk jemgyýetleri, polat turbalary we profilleri öndürýän «Şanly Bedew», keramika önümlerini hödürleýän «Eziz doganlar keramika» hususy kärhanalary hem bar.
Himiýa senagaty-da ýurdumyzda geljegi uly ugurlaryň biridir. Häzirki döwürde «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň garamagyndaky önümhanalarda mineral dökünleriň, nebithimiýa, gurluşyk serişdeleriniň dürli görnüşleri öndürilýär. Şu günki sergide hem Türkmenabatdaky fosfor dökünlerini öndürýän himiýa zawodynyň, «Tejenkarbamid», «Marykarbamid» zawodlarynyň, «Balkanabat», «Bereket» ýod zawodlarynyň, «Maryazot», «Garabogazsulfat» önümçilik birleşikleriniň, «Garabogazkarbamid» zawodynyň we Garlykdaky kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan toplumynyň önümleri görkezilýär. Döwlet kärhanalary bilen bir hatarda, sergide nebithimiýa önümleriniň önümçiligine ýöriteleşen hususy kärhanalar hem öz önümlerini tanyşdyrýarlar. Şolaryň hatarynda awtoulaglar we beýleki tehnikalar üçin «GM Oil» haryt nyşanly çalgy we motor ýaglaryny, antifrizleri, «GM plast» haryt nyşanly polipropilen we plastik önümleri öndürýän «Geljege miras» hususy kärhanasy, «Alfa» haryt nyşanly motor ýaglaryny öndürýän «Yhlasly nazar» hususy kärhanasy bar.
Sergä «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti hem gatnaşýar. Bu jemgyýet ýurdumyzda soňky ýyllarda durmuşa geçirilýän iň iri infrastruktura taslamalarynyň biri bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyny amala aşyrýar.
Gözden geçirilişde söwda toplumynyň garamagyndaky düzümlere möhüm orun berilýär. Bu ýerde Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi, welaýatlaryň Alyjylar jemgyýetleri, Döwlet haryt-çig mal biržasy, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar. Olarda ýokary hilli azyk önümleriniň dürli görnüşleri görkezilýär. Bu ýerde azyk önümçiligine ýöriteleşen «Hasar», «Täze Aý», «Ýüpekçi», «Parahat», «Tomus», «Bars» hususy kärhanalar hem öz harytlaryny hödürleýärler.
Dokma senagaty ministrligi milli ykdysadyýetimiziň esasy eksport ugurly pudaklarynyň biriniň önümlerini — pagtadan we ýüpekden taýýarlanylan ýokary hilli önümleri görkezýär. Şolaryň hatarynda ministrligiň garamagyndaky dokma toplumlarynda öndürilýän «Gala», «Bedew», «Miras», «Jeýtun», «Nusaý», «Bürgüt» haryt nyşanly nah, ýüpek matalaryň, tikin we trikotaž önümleriniň dürli görnüşleri bar. “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalarynyň, halyçylyk pudagynda zähmet çekýän telekeçileriň, halk senetçileriniň el işleri, döwrebap haly önümleri-de bu ýere gelýänleriň aýratyn ünsüni çekdi.
Çagalar üçin synp otaglary, ýokary okuw mekdepleriniň barlaghanalarynyň döwrebap enjamlary, taslamalaýyn ylmy işläp taýýarlamalary, okuw edebiýatlary, talyplaryň abraýly intellektual olimpiadalarda gazanan kuboklary ösüp gelýän ýaş nesilleriň biliminiň, ýurdumyz üçin geljekki alymlary, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň ýokary derejededigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Serginiň çäklerinde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli modeller öýleriniň lybaslarynyň dabaraly görkezilişi hem guraldy. Sergi 20-nji sentýabrda öz işini tamamlaýar.