Ysraýylyň 2025-nji ýylyň 13-nji iýunynda Eýranyň ilatly ýerlerine we desgalaryna hüjümleri bilen baglanyşykly Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi aşakdakylary beýan edýär:
Türkmen tarapy Ýakyn Gündogarda emele gelen dartgynlylygyň alada goýýandygyny belleýär.
Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen oňyn hemişelik bitaraplyk derejesine eýe bolan döwlet hökmünde Türkmenistan syýasy we beýleki meseleleriň çözülmeginde güýç ulanylmagyny ýa-da ony ulanmak bilen howp etmek usulyny kabul etmeýär.
Islendik çylşyrymly ýagdaýy diňe BMG-niň Tertipnamasyna we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna esaslanýan parahatçylykly ýollar bilen çözmek üçin giň syýasy we diplomatik serişdeleri ulanmagyň zerurdygyny nygtaýarys.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi