27-nji martda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew aragatnaşyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak, sanly ulgamy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasyny Bütindünýä poçta birleşiginiň “IPS” halkara sanly ulgamyna birikdirmek boýunça netijeli işler amala aşyrylýar. Munuň özi ýurdumyzyň poçta ulgamynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, dünýäniň iri elektron söwda platformalary arkaly utgaşykly işi hem-de olar bilen göni hyzmatdaşlygy täze derejede ýola goýmaga giň mümkinçilikleri döredýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek we döwrebap logistika düzümini kemala getirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere aragatnaşyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak, poçta amallaryny kämilleşdirmek babatda işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.