Şu gün, 11-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Turkmentextile Expo — 2025» atly halkara sergi-ýarmarka açyldy. Çäräni Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi “TurkmenExpo” kompaniýasy bilen bilelikde gurady.
Sergi enjamlardan we tebigy süýümleri gaýtadan işlemekden moda eşiklere, dokma himiýasyndan, esbaplara we iň täze tehnologiýalara çenli köp ugurlary öz içine alýar.
Esasy maksady türkmen dokma senagatynyň mümkinçiliklerini görkezmekden, innowasiýalary ösdürmekden we halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmekden ybaratdyr.


“Turkmentextile Expo-2025” halkara sergisi Italiýa, Beýik Britaniýa, Singapur, Niderlandlar, Tailand, Gazagystan, Hindistan, Özbegistan ýaly köp sanly döwletden dizaýnerleri we hünärmenleri bir ýere jemledi.


Sergi maksatnamasy ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň dizaýnerleri tarapyndan taýýarlanan moda görkezişlerini, tanyşdyryş çäreleri, ussatlyk sapaklaryny, tejribe alyşmaga gönükdirilen duşuşyklary öz içine alýar.


Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Hökümetiniň wekilleri, daşary ýurt wekiliýetleri we iri dokma kärhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Üç gün dowam etjek sergide gatnaşyjylar özleriniň iň täze önümlerini we tehnologiýalaryny görkezmäge, şertnamalar baglaşmaga we pudagyň geljekki ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik alarlar.