Aşgabatda geçirilýän “TurkmenTextile Expo-2025” halkara sergisiniň çäklerinde ýerli hem-de halkara moda görkezilişi geçirildi.
Tomaşaçylar türkmen brendleriniň egin-eşik kolleksiýalaryny, şeýle hem Fransiýadan, Italiýadan, Gazagystandan, Singapurdan, Beýik Britaniýadan, Hindistandan, Özbegistandan we Niderlanddan gelen daşary ýurtly moda dizaýnerleriniň kolleksiýalary bilen tanyşmak mümkinçiligine eýe bolýarlar.
Moda görkeziliş maksatnamasy Aşgabadyň Modalar öýüne wekilçilik edýän türkmen brendi “Miras” kolleksiýalary bilen başlady. Brend ulular we çagalar üçin niýetlenen milli köýnekleriň we egin-eşikleriň modellerini görkezdi.
Soňra maksatnama gündogar medeniýetinden ruhlanan ajaýyp agşam lybaslaryny hödürlän “Mad Mood Milano” moda öýüniň işleri bilen dowam etdi.
Gazagystanyň “Aspar” brendi Gündogar bilen Ýewropanyň medeniýetleriniň birleşmeginde döredilen kolleksiýasyny tomaşaçylara hödürledi. Fransiýadan gelen dizaýner Göwher Pirkuliýewa-Guwerne türkmen milli lybasynda täzeçe çemeleşmäni görkezdi, onuň sazlaşygyny we dinamikasyny nygtady.
Moda görkezilişiniň estafetasyny “Haýden Ng” dowam etdirdi – ol nusgawy çyzykly leopar nagyşlary bilen utgaşdyrylan egin-eşiklerini görkezdi.
Özbegistanyň “Silk Vats” brendi tebigy ýüpekden tikilen lybaslaryny görkezdi, olarda gündogarly nagyşlar bilen häzirki zaman moda akymlary utgaşdyrypdyr.