Gazagystanyň Türküstan şäheri, senetçilere döwlet goldawyny göz öňünde tutýan “şäheriň ýörite derejesi” baradaky kanuna laýyklykda, “Hünärmenler şäheri” derejesine resmi taýdan eýe boldy. Bu kanunyň çäklerinde Türküstan şäherine Bütindünýä senetçilik geňeşi (World Craft Council) halkara guramasynyň karary bilen “Hünärmenler şäheri” derejesi berildi.
Geçen aý Bütindünýä senetçilik geňeşi halkara guramasynyň agzalary we bu guramanyň Aziýa-Ýuwaş umman sebiti boýunça wise-prezidenti, şeýle hem Hindistan, Türkiýe we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň hünärmenleri resmi sapar bilen Türküstana geldiler. Olar şäheriň mümkinçiliklerine ýokary baha berdiler we Türküstan sebitiniň häkimi Azimbek Pazylbekuly bilen duşuşdylar. Gepleşikleriň dowamynda şäher häkimi “Halkara senetçiler şäheri” statusyny almak isleýändigini mälim edip, arza berdi. Netijede, Türküstan şäheri resmi taýdan “Senetçiler şäheri” derejesini tassyklaýan şahadatnama eýe boldy.
Häzirki wagtda Türküstanda senetçilik sungaty sazlaşykly ösdürilýär, milli däp-dessurlar goralyp saklanyp, häzirki zaman öwüşginleri bilen utgaşdyrylýar. Ýerli senetçileriň keramika önümleri owadanlygy, üýtgeşik nagyşlary we ýokary hili bilen tapawutlanýar. Geljekde “şäheriň ýörite derejesi” baradaky kanunyň çäklerinde senetçileriň çykdajylarynyň 25 göterimi döwlet tarapyndan ödeler. Şeýle hem ýakyn wagtda bu ýerde “Senetçileriň merkezini” açmak meýilleşdirilýär.
Ozal habar berlişi ýaly mart aýynyň başynda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew “Türküstan şäheriniň ýörite derejesi barada” kanuna gol çekdi. Kanun, bu şäheriň Gazagystanyň ruhy, taryhy, medeni we syýahatçylyk merkezi hökmünde aýratyn derejesini kepillendirýär. Resminama, Hoja Ahmed Ýasawynyň aramgähini we beýleki ýadygärlikleri goramagy, arheologik we abatlaýyş işlerini ýola goýmagy, milli senetçiligi dikeltmegi we arheologik goraghanany döretmegi öz içine alýan taryhy we medeni mirasy gorap saklamagy göz öňünde tutýar.