Jemgyýetçilik tory we mikroblog hyzmaty “Twitter” ýekşenbe güni agşam gök guş nyşanyny aýryp, ony “X” nyşany bilen çalyşdy. “Twitter”-iň iň uly paýdary Ilon Maskyň özi hem profilindäki nyşany täzesi bilen çalyşdy.
Ol kompaniýanyň ýakyn günlerde “Twitter”-iň brendi we guşlaryň ählisi bilen hoşlaşjakdygyny belledi.
Amerikaly işewür “Twitter”-i satyn alandan soň, ony “X”-a öwürjekdigini aýdypdy. Şu ýylyň aprel aýynda kompaniýa kanuny ady “Twitter Inc.-i “X Corp.” diýip üýtgetdi.