Ispaniýanyň günorta-günbataryndaky Kanar adalaryna degişli bolan “La Palma” adasyndaky wulkanyň işjeň ýagdaýa gelenine üç aý bolup barýar. Şeýlelikde “Cumbre Vieja” wulkany bu adada iň uzak wagt ýanan wulkan hökmünde hasaba alyndy. 19-njy sentýabrda atylyp başlan wulkan 1585-nji ýylda 84 günläp ýanan “Tehuya” wulkanynyň rekordyny täzeledi. Ýewropa Bileleşiginiň emele hemra obserwatoriýa programmasy “Copernicus”-yň maglumatlaryna görä, wulkandan häzire çenli 94 million kub metr läbik çykypdyr. Çykan läbik deňze dökülip, adanyň meýdanyny birneme giňeltdi. Lawalaryň tutýan meýdany wulkanyň töwereginde 1182 gektar ýeri gaplap aldy. Deňizde bolsa, 48 gektarlyk dilkaw emele getirdi. Bilermenler wulkanyň ýylyň ahyryna çenli sönjekdigini çaklaýarlar.

Bu wulkan ilkinji gezek ýarylandygy sebäpli oňa resmi at berilmedi. Şeýle-de bolsa, ol ýerdäki tebigy seýilgähiň ady “Cumbre Vieja” bolany üçin şeýle atlandyrylýar.

Wulkanik häsiýeti bolan Kanar adalarynda häzire çenli iň uzak wagtlap işjeňligini saklan wulkan XVIII asyrda ýanan Lanzarote adasyndaky “Timanfaya” hasaplanýar.  Ol alty ýyllap sönmändir. Atlantik ummanyndaky Kanar adalarynda Kanar adalary Ispaniýa degişli bolup, Afrika yklymyna golaýda ýerleşýär. Bu ýerde sekiz sany uly, bäş sany kiçi ada şeýle hem gaýalyk çykgytlar bar.