Ýokary tizlikli otly ýollarynyň peýda bolmagy gysga aralykdaky uçar gatnawlarynyň ornuny tutup başlady. Awiasiýa pudagynda ýangyjyň köp sarp edilmegi ýaly beýleki sebäpler hem otly gatnawyna islegi ýokarlandyrýar. Beýik Britaniýanyň «Eurostar» kompaniýasy Londondan Günbatar Ýewropanyň birnäçe şäherine ýokary tizlikli ýolagçy gatnawlaryny amala aşyrýar. Indi bolsa, kompaniýa Frankfurt we Ženewa ýaly şäherlere has gysga aralykdan gatnawy ýola goýmagy meýilleşdirýär. Täze ugurlar 2030-njy ýylyň başynda peýda bolar. Şeýlelikde, Londondan Frankfurta 5 sagatda, Ženewa 5 sagatdan hem az wagtda baryp bolar. Syýahatyň wagtynyň azalmagy uçar gatnawy bilen bäsdeşlik etmäge mümkinçilik berer. «Eurostar» geçen ýyl 19,5 million ýolagçy gatnadypdyr.
Atajan KARAMIDDINOW,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.