Geçen ýyl dünýäniň ýolagçy uçaryny öndürmekde öňdebaryjylar hasaplanýan «Airbus» bilen «Boeing» kompaniýalarynyň haýsysy has köp uçar öndürdikä?! Nemes-fransuz kompaniýasy bolan «Airbus» 2025-nji ýylda 91 awiakompaniýa üçin jemi 793 uçary öndürip tabşyrypdyr. Kompaniýa ýylyň dowamynda 1 müň uçar sargydyny alypdyr. «Airbus» 2024-nji ýylda 766 uçary täze eýelerine gowşurypdyr. Öndürilýän modelleriň arasynda «A320-ler» has köp. Geçen ýyl jemi 607 sany A320, 93 sany A220 uçary öndürilipdir.
Amerikan uçar öndürijisi «Boeing» geçen ýyl 600 uçary öndürip, diňe dekabr aýynda 63 uçary täze eýelerine gowşurypdyr. Ýylyň 11 aýynda bolsa, 999 uçara sargyt alypdyr. Şeýlelikde, kompaniýa sargyt sany babatda «Airbus»-dan öňe geçdi.
Bahar Ataýewa,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy.
PDF









