ABŞ-nyň Howa güýçleriniň ewakuasiýa uçuşynda doglan owgan gyzynyň adyna uçaryň ady dakyldy. Bu barada ABŞ-nyň ýaragly güýçleriniň Ýewropa serkerdeliginiň başlygy Tod Wolters habar berdi.
“C-17” laýnerinde doglan çaganyň ene-atasy bilen gürleşdik. Uçaryň “C-17”-den başga tutulýan adyna esaslanyp, gyza “Reach” diýip at dakdyk” diýip general aýtdy. ABŞ-nyň Howa güýçleriniň uçary maşgalany Katardan Germaniýa alyp barýardy. Birdenem uçardaky aýallaryň biriniň burgusy tutup ugrady we gyz bäbegi dünýä inderdi. Bortda emele gelen ýagdaý zenanyň ýagdaýyny kynlaşdyranansoň, uçaryň kapitany howa basyşyny sazlamak maksady pesden uçmaly diýen karara geldi. Bu enäniň janyny halas etdi.