«Airbus» kompaniýasy «Chaise Longue» dizaýn kompaniýasy bilen bilelikde uçarlar üçin iki gatly oturgyç ulgamyny işläp taýýarlady. Bu ulgam uçar kabinasyny has netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Täze dizaýnda oturgyçlar gezekli-gezegine, biri aşakda, beýlekisi birneme ýokarda ýerleşdirilen. Ýokarky oturgyçda oturan ýolagçylar oturgyjyny dolulygyna diýen ýaly arkanlygyna ýatyryp bilýär. Aşakda oturan ýolagçynyň bolsa, aýagyny uzatmak üçin has köp boş ýer bolar.
«Chaise Longue» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Alehandro Nunýes Wisente oturgyçlaryň ozalkylardan diňe rahatlyk babatda däl, arassaçylyk babatda hem has amatly boljakdygyny belleýär. Bu usulda ýolagçylaryň arasyndaky galtaşyk hem azalýar. Bu taslamanyň entek gutarnykly däldigi we has-da kämilleşdirilýändigi bellenildi.
Myratnepes NURNEPESOW,
Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.