Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­ne ag­za ýurt­la­ryň ara­syn­da ot­ly sy­ýa­ha­ty ýyl­sa­ýyn art­ýar. Ýo­ka­ry tiz­lik­li ot­ly ýol­la­ry­nyň ýaý­ra­wy­nyň gi­ňel­me­gi bi­len gys­ga ara­ly­ga gat­na­ýan uçar gat­naw­la­ry­nyň kä­bi­ri ýa­ty­ryl­dy. Tä­ze mak­sat­na­ma gö­rä bol­sa, 2040-njy ýy­la çen­li has köp bag­la­ny­şy­gy bo­lan ýo­ka­ry tiz­lik­li ot­ly ýol­la­ry gur­lar. Şeý­le­lik­de, şä­he­ra­ra gat­naw­da ulag ýa-da uça­ryň de­re­gi­ne has köp ot­lu­dan peý­da­la­ny­lar. Ber­lin-Ko­pen­ga­gen, Mad­rid-Lis­sa­bon, Tal­lin-Ri­ga, Ri­ga-Wiln­ýus, Ber­lin-Pra­ga-We­na, Sof­ýa-Afi­ny, Bu­da­peşt-Bu­ha­rest, Mad­rid-Pa­riž, Mýun­hen-Rim ýa­ly ara­lyk­lar­da has ýo­ka­ry tiz­lik­li ot­ly gat­na­wy ýo­la goý­lar.
Brýus­sel se­bit­de ýo­ka­ry tiz­lik­li de­mir ýol to­ru­ny kä­mil­leş­dir­mek üçin 345 mil­liard ýew­ro ma­ýa go­ýar.

Bekirgylyç KALANDAROW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.