Wýetnamly ilkinji zenan astronawt Amanda Nguýen kosmosa uçuşynyň agyr psihologik netijelere sebäp bolandygyny gürrüň berdi. Nguýeniň aýtmagyna görä, 2025-nji ýylyň aprelinde “Blue Origin” kompaniýasynyň suborbital missiýasyna gatnaşmagy, jemgyýetçilik tarapyndan bildirilen güýçli tankytlar sebäpli agyr depressiýa duçar etdi.
Nguýen kosmosa ugran diňe zenanlardan ybarat ilkinji ekipažyň agzasy boldy. Onuň bilen bilelikde aýdymçy Keti Perri, teleýaýlym alypbaryjysy Geýl King, žurnalist Loren Sançes, NASA-nyň öňki işgäri we inženerçilik kompaniýasynyň ýolbaşçysy Aişa Bou hem-de prodýuser Keriann Flinn bardy.
Uçuş bary-ýogy 11 minut dowam etdi, emma ol ekologiýa serişdeleriniň manysyz sarp edilmegi baradaky aýyplamalaryň we uly seslenmäniň döremegine sebäp boldy. Nguýeniň sözlerine görä, jemgyýetiň bu reaksiýasy oňa örän agyr degdi. Ol özüniň şahsy blogynda görlüp-eşidilmedik derejede kemsitmelere sezewar bolandygyny boýun aldy.
“Negatiw pikirleriň möçberi örän uludy. Hatda onuň azajyk bölegi hem adamy sarsdyrmaga ýetýärdi – milliardlarça duşmançylykly habarlara adamyň beýnisi taýýar däl”diýip, Amanda ýazdy.
Psihologik basyş şeýle bir güýçli boldy welin, Tehasa dolanyp geleninden soň, astronawt bir hepdeläp düşekden galyp bilmedi. Bir aý geçensoň bolsa, “Blue Origin”-iň wekili oňa jaň edende, ol öz ýagdaýy sebäpli geplemäge-de ýagdaýy ýokdy.
Ýagdaýyň has-da kynlaşmagyna Nguýeniň kosmosa barýan ýolunyň onsuz hem çylşyrymly bolandygy sebäp boldy. Uçuşdan soňky kemsitmeler oňa ýaşlyk ýyllarynda başdan geçiren agyr ýatlamalaryny ýatlatdy. “The Guardian” neşiriniň habar bermegine görä, diňe sekiz aýdan soň Amanda Nguýen “hasrat dumanynyň” dargaýandygyny duýup başlady.
PDF









