Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmda 2024-nji ýylda ilkinji gezek ulanylyp başlanan «uçýan» gämi amatlylygy sebäpli ýolagçy gatnawynda giňden ulanylyp başlandy. Golaýda geçirilen barlaglara görä, elektrik energiýasy bilen işleýän gäminiň howanyň hapalanmagyny hem azaltmaga kömek edendigi bellenildi. 14 adany öz içine alýan Stokgolm şäheri tebigy taýdan deňiz syýahaty üçin amatly şert döredýär. Şäherde
50-den gowrak köpri bar. Köp ýolagçy adalaryň arasynda syýahat etmek üçin uly ýolagçy gämilerinden peýdalanýar. «Candela P-12 Shuttle» atly gämi bolsa, ýyndamlygy we arassa energiýadan peýdalanýandygy bilen tapawutlanýar. Ýolagçy gämileri Ekerö bilen şäher merkeziniň arasyny 55 minutda geçýän bolsa, «Candela» bu aralygy 30 minutda geçýär.
Gäminiň astynda ganatlar bolup, suw ulagynyň tizligi artdygyça, ýokary galýar. Bu bolsa, gäminiň suw bilen galtaşygyny kesip, sürtülmäni aradan aýyrýar. Şeýlelikde, gämi az energiýa sarp edýär.
Köpçülikleýin önümçiligi ýola goýlan bu gämileriň Berlin we Mumbaý şäherlerinde, Maldiw adalarynda hem-de Tailandda ulanylmagy göz öňünde tutulýar.
Şasüleýman Gurbansähedow,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.
PDF









